Algyn pendim, jigerbendim!
MERTEBE-ömrüň manysy Türkmen halky ynsan üçin durmuşda möhüm bolan gymmatlyklaryň ençemesini kesgitläpdir. Ata–babalarymyzyň “Mertebäň belent bolsyn!” diýmegi-de ýöne ýere däldir. Ynsan ömriniň manysy mertebeli ýaşaýyşda jemlenendir. Il içinde belent mertebeli adamlaryň sylag hormaty belent bolupdyr. Durmuşda mertebe diýen düşünje dürli garaýyş bar. Mertebeni her kim bir ýerde, ýagny bir ylymda, biri baýlykda görýär. Umuman, mertebe diýen düşünje bolan garaýyş dürli manyda ýaýrandyr.
Orta asyr alymlarynyň birnäçesi “Ynsan üçin ylymdan beýik mertebe ýokdyr” diýip belläp geçýär. Elbetde, ylym ynsany dürli mertebe belentligine ýetirip bilýär. Ýöne durmuşda mertebe belentligine adamçylyk häsiýetleri bilen ýetmek möhümdir.
Halk arasynda meşhur rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär. Gadym eýýamlarda baýlyk, ylym we mertebe üçüsi bir saçagyň başynda jem bolup, özara gürrüňe gyzypdyrlar. Baýlyk özini mahtap başlapdyr:” Meniň adamlara täsirim örän uly. Olary parlaklygym bilen özüme çekýärin. Her bir ýagdaýda meni ýatlama, maňa arka diremäge mejbur bolýarlar. Köp kynçylyklar meniň bilen çözülýar gidýär. Meniň ýok ýerimde argynlyk, tukatlyk höküm sürýär”.
Soňra ylym söze başlap:”Men hemişe akyllar bilen iş salyşýaryn. Işleriň çözgüdini paýhas, mantyk we düzgün-kanun bilen çözmegi başarýaryn. Hatda baýlyk gazanmagyň ýollaryny hem men salgy berýärin. Bisowatlyk, garyplyk, sökillik ýaly dertleriň garşysyna hem berk göreşýarin. Adamzadyň geljegi üçin zerur zatlary hem men öwredýärin”diýipdir.
Soňra söz gezegi mertebe ýetipdir: ”ikiňize-de hormatym uly, ýöne mertebäniň ýok ýerinde baýlygyň hem, ylymdarlygyň hem bahasy egsilýändir.
Mertebäniň bahasy örän uly, ol satylmaýaram, satyn alybam bolmaýar. Kim mertebeli bolmaga jan etse, oňa özümi bagyş edýärin. Kim meni harlasa, men hem ondan ýüz öwürýärin”diýipdir. Soňra olar hoşlaşyp, birek-birek bilen didarlaşyp durmagy arzuw edipdirler. ”Biz birek-biregi nireden tapyp bileris?”diýip soraşypdyrlar.
“Men gitsem, meni baýlaryň mülkünden, täjirleriň howlusyndan gözläň, taparsyňyz” diýip, baýlyk dillenipdir.
“Men gitsem, menimekdep-medreselerden, alymlaryň söhbetlerinden gözläň, taparsyňyz” diýip, ylym hem öz salgysyny beripdir.
Mertebe näme diýjegini bilmän, dymyp duruberipdir”. Sen näme üçin hiç zat ýaňzydaňok, gitseň, biz seni nireden taparys?” diýip soranlarynda, ol: ”Men gitsem, gaytyp dolanmaýaryn. Men bir gitsem meni hiç bir ýerden tapmarsyňyz” diýip jogap beripdir.
Durmuşda ählimize gerekli hökmany gymmatlyklar bar. Olaryň birini yokary tutup, beýlekisini peselder ýaly däl, hersi öz ornunda juda ähmiyetli, ýöne ylyma hem, baýlyga hem, mahlasy, ýaşaýşa, durmuşahem has kämil öwüşgin çaýýan zatlaryň biri mertebedir.
Nurgözel ATDAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" gazeti 05.09.2024ý.