YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň esasynda adam hakyndaky alada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1146 adama Türkmenistanyň raýatlygynyň, 134 adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýurdumyzda ynsanperwer ugruň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda halkara bileleşiginde parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirmek bilen birlikde, bosgunlaryň işi boýunça halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen geçiren gepleşiklerinde bosgunlaryň işi boýunça Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ýörelgeleriniň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Her ýylda Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanynda geçirilýän şeýle tutumly işler berkarar döwletimizde adam hakyndaky aladanyň aýdyň nyşanydyr. Ýeri gelende bellesek, Garaşsyzlyk ýyllarynda 30 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň ajaýyp miweleridir.

Didar MUHAMMEDOW, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
“Daşoguz habarlary” gazeti 26.09.2024ý. №39

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09