Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenendir.

Konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa geçirmek niýetlenen.Ýagny birinji tapgyryň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaralary kesgitlemek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topary döretmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak, ikinji tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, üçünji tapgyrda bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler öňe sürülýär.

Konsepsiýa laýyklykda, häzirki döwürde sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin uly işler alnyp barylýar. Döwletiň dürli hyzmatlary sanly usulda internet ulgamynda raýatlara hödürlenýär.

Ylym-bilimiň ösdürilýän häzirki döwründe ýaşlarymyz milli ruhda terbiýelenip, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Häzirki döwürde ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp,  bu ugurlarda düýpli işler ýola goýulýar.

Sanly ulgama geçmekde ýurdumyzda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaşlaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonda sanly bilim bermegiň täze usullary işlenip düzülýär, ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwretmek kämilleşdirilýär. Milli bilim ulgamynyň täze usullar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa, ylym-bilimiň döwür bilen deň gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýaşlaryň tehnologik ösüş bilen aýakdaş gitmegi, döwrebap hünärleri ele almagy, sanly bilimleri pugta özleşdirmegi, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden habarly bolmagy döwleti durnukly ösüşe, kämillige gönükdirýär.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň eşretli durmuşy, zähmet we hünär üpjünçiligi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bekmyrat TAGANGULYÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09