Mugallymçylyk ussatlygy ösdürmegiň esasy ýollary we şertleri

Iş tejribede ýaş mugallymlaryň okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramagy üçin olara bildirilýän talaplar anykdyr we olar belli bir kadalara laýykdyr. Mugallymyň şahsy hili – sözleýşi, söz baýlygy bilen hem tapawutlanýar. Hünär medeniýeti (etikasy), ýekebara (aýrabaşga) ýörelgä köp üns bermek, şahsy arassaçylyk (gigiýena) soraglary hem öz wajyplygyny ýitirmeýär. Synpda okatmakda ýüze çykýan kemçilikler ýagny,  synpda tertip-düzgün, umumy usuly kemçilikleri düzetmek  yzygider işlemekligi talap edýär. Okuwçylaryň şahsy aýratynlygyny bilmeklik uly ähmiýete eýedir. Synpyň içiniň arassalygy we onda goýlan zatlaryň tertipliligi, okuw otagynyň ýagtylygy, şeýle-de, howanyň arassalygy we temperaturasy okuw işiniň geçiriliş ýagdaýyna täsirlidir.
Sapaklaryň maksady – bilim berlişiniň düýp mazmunyny anyk açyp görkezmelidir, şeýle-de hil hem mukdar (okuwçylaryň näçesi işjeňlik görkezdiler, näçesi sapagy özleşdirdi we ş.m.) babatda anyk derejeleriň gazanylmagyna eýermelidir. Sapaklaryň dogry kesgitlenilen maksatlaryna ýetilmegi diňe mugallymyň pedagogik ussatlygyna bagly.Pedagogyň interaktiw sapaklardaky işiniň görnüşleriniň artmagy, okuwçylaryň geçilen material hakynda oýlanmagy üçin gerekli şertleriň döredilmegi, gözlegi we dürli hili çözgütleriň seljerilmegini talap edýän meseleleriň dogry goýulmagy,ahyrky netijä ýetmek üçin işiň dürli usullaryny saýlamaga şertiň bolmagy okuwçylarda köp sanly wajyp endikleri ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu meselem, nähilidir bir netijä gelende pikirlenişiň çaltlygy we çeýeligi,meselelere seljerişe bolan ukyp bilen çemeleşmek, özgäniň pikirine hormat goýmak,toparda işjeň we netijeli işlemegi başarmak we beýlekiler ýaly endiklerdir.

Leýli ŞAÝEWA
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09