Gyz görmegi saçda bor

Gyz maşgalanyň saçynyň örülip, döşüniň iki gapdalyndan goýberilmegi onuň synasyna ýaraşyk berýär. Irki döwürlerde saçlar ýaşyl ýüplük bilen örülipdir. Bu barada «Ýaşyl bilen ýaryşar, ýaşyl saçyma ýaraşar» diýlen aýtgy hem bar. Saçy emaý bilen darap, bir sere çemesi örüp, soňra ýaşyl ýüplügi goşup örüpdirler. Gyz maşgalanyň saçyny arka atmagy aýyp görülýär. Uly gyzlar synasyna gelşik berýän goşa örüm saçlaryny durmuşa çykanlarynda-da yzyna atmagy ýokuş görüpdirler. Milli ýörelgelere görä, gelinler saçyny arkasyna atýarlar. Täze gelniň saçyny arkasyna atmagy üçin ýörite serpaý goýulýar. Sowgat-serpaýy ýetiriläýmese, gelin saçyny eli bilen berk tutup, aňsat-aňsat bermeýär. Bu däp gyzyň gelşik berýän saçlarynyň ýeňsä atylmagyny gaty görüp, öýkelemezligi üçin edilipdir. Şonuň üçin gelne sowgat hökmünde, saçyny bezär ýaly sünnälenip ýasalan kümüş saçlyklar berlipdir. Gelniň saçynyň ýeňsesine atylmagynyň ýene bir sebäbi, ol tamdyryň başynda çörek bişirende, otly ojakda nahar taýýarlanda ýa-da gujagyna akja bäbek alanda päsgel bermezligi üçindir. Gelinler arka atan, ýüpe düzülen saçlyk goşulyp örülen saçlarynyň ýeňil bolup, öňlerine düşüp durmazlygy üçin agram salar ýaly, olaryň ujuna kümüş gyranlaram dakypdyrlar. Ene-mamalarymyz obada uzyn saçly gyzlaryň tarypyny ýetiripdirler:

Gyz görmegi saçda bor,
Gül tahýasy başda bor,
Goşa örüm gelişip,
Gep-gürrüňden daşda bor,
Baş hünäri keşde bor.

Asylzada enelerimiz: «Saçyňa gaýçy degirseň, ol öýkeläp, ösmesini bes edýändir. Gyzlar Taňrynyň özlerine beren bu peşgeşini gorap saklamalydyr» diýipdirler. Gelinlik gözlenilse-de, gyzyň edep-terbiýesi bilen birlikde, onuň saçyna üns beripdirler.

Gülüstan ANNAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09