Nusgawy edebiýatda tebigatyň waspy
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatyň hazynasydyr. Dana akyldar dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussat. Onuň ussatlygy, ilkinji nobatda, milliliginde we halkylygynda jemlenýär. Şahyr Garaşsyz döwletiň gurulmagyny isläp, süýji arzuwlaryň ummanynda gezip, Watana, tebigata bolan söýgüsini şygyrlarynda beýan edipdir.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy «Sähraýa aşyk bolmuşam», «Gençli şäher, Hydyr gezgen çöllerde», «Gadam goýsam sähralara, çöllere» diýen setirlerinde tebigatyň gözelligini wasp edipdir. Şahyryň şirin zybanyndan dörän «Türkmeniň» atly şygrynda:
— diýen setirleri okanyňda, Watanymyzyň tebigatyna bolan buýsanjyň artýar. Ynsan tebigata näçe ýakyn boldugyça, onuň göwni giň, işi şowuna bolýar. Gezelenç etmek, arassa howadan dem almak, tebigatyň gözelliklerine syn etmek süňňüňe güýç-kuwwat berýär. Çünki daşky gurşawyň, tebigatyň gözelliginiň ruhy dünýämize uly täsiri bar.
Ata Watanyň gözel tebigaty dana şahyryň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Gözel tebigat şahyra ylham bagyşlaýar. Sebäbi tebigat — bu biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Akyldaryň şygyrlaryny okanyňda, tebigatyň ynsana ylham bagyşlap bilýändigine göz ýetirýärsiň. Pyragynyň goşgy setirlerinde şeýle wasp edilýär:
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde, sebitlerinde bag nahallaryny ekmek bilen bagly ählihalk dabaralary geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giň gerimde dünýä ýaýmakda beýik işler durmuşa geçirilýär.