Biologiýadan amaly sapaklary geçirmegiň usullary
Zehinli, başarnykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olara sapak wagty berilýän nazary bilimler bilen bir hatarda, amaly sapaklaryň hem uly ähmiýeti bar. Amaly sapaklarda okuwçylara bilim we terbiýe bermek onuň usuly taýdan dogry guralmagyna bagly. Umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylarda zähmet çekmäge bolan gyzyklanmany we höwesi döretmek möhümdir. Zähmete bolan gyzyklanmany ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlar dogry guralanda we zähmet çekmegiň medeniýeti berjaý edilende döretmek mümkin. Okuwçylarda başlan işlerini ahyryna çenli ýerine ýetirmek jogapkärçiligi we zähmete söýgi duýgusy döremese, zähmete işjeň gatnaşygy amal edip bolmaýar. Olarda şeýle duýgyny mekdepde köpçülik bolup işlän wagtlarynda we okuw-tejribe meýdançasynda işlänlerinde döretmek bolar. Usulyýetçi alymlaryň bellemegine görä, okuw-tejribe meýdançasynda işlemek bilen, okuwçylar ikitaraplaýyn (agronomik hem-de pedagogik) bilim alýarlar. Olaryň biologiýa dersi boýunça bilimleri baýlaşýar hem-de ekin ekmegiň we olara ideg etmegiň usullaryny öwrenýärler.
Amaly sapaklary geçirmegiň maksady ─ okuwçylara biologik bilimi oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde dogry ulanmagy öwretmek; okuwçylarda tebigata hoşniýetli gatnaşyklary döretmek; zähmetsöýerligi terbiýelemek; oba hojalyk zähmetine we tebigata gatnaşygy boýunça medeniýeti öwretmek.
Amaly sapaklaryň gurluşy aşakdaky özara baglanyşykly logiki yzygiderlilikde ýerleşdirilen görnüşde bolýar:
1. Sapagyň temasynyň ady we ýerine ýetirmeli işi (wezipesi).
2. Biologiýadan, öň öwrenilen maglumatlary gaýtalamak esasynda okuwçylarda agronomik bilimleri we başarnyklary kemala getirmek.
3. Okuwçylaryň işi ýerine ýetirmekleri we oba hojalyk gurallaryny dogry ulanmagyň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek baradaky olara gerek bolan gözükmeler; şu bilimleri we başarnyklary okuwçylaryň özleşdirişlerini barlamak.
4. Okuwçylaryň zähmet işjeňligini guramak.
5. Mekdebiň okuw-tejribe meýdançasynda okuwçylaryň işlemegini ýola goýmak.
6. Geçirilen işleri jemlemek.
Mälim bolşy ýaly, oba hojalygy baradaky bilimler we başarnyklar janly organizmleriň ösüşiniň we boý alşynyň biologik aýratynlyklaryna esaslanýar. Biologik ylmyň oba hojalygynyň amaly işleri bilen baglanyşygyny, onuň ösümlikleriň we haýwanlaryň önümliligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini açyp görkezmek amaly sapaklary geçirmegiň esasy maksadydyr. Oba hojalyk ekinlerini ekmegiň we oba hojalyk mallaryna ideg etmegiň biologik esaslaryny öwrenmek, elbetde, okuwçylara «güýçli ösýän tehnologiýa» düşünjesi baradaky bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Her bir guralýan amaly sapak biologik maglumatlary gaýtalamagy öz içine alýar. Gürrüňdeşligiň dowamynda okuw prosesi döwründe ulanylan görkezme esbaplaryny (tebigy obýektler, tablisalar, tejribeler), sapak wagty geçilen okuw maglumatlaryny peýdalanmak okuwçylara ol ýa-da beýleki agrotehniki tärler üçin gerek bolan bilimleri ýada salmaga kömek edýär. Soňra okuwçylar mugallymyň kömegi bilen ýa-da özbaşdak okuw kitaplaryndan, ylmy kitaplardan oba hojalyk ekinlerini ekmegiň düzgünlerini öwrenýärler. Mysal üçin, ösümlikleriň tohumlaryny ekmek, suwarmak, iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek we beýlekiler.
Gözükmeler. Okuwçylar oba hojalyk işlerini dogry ýerine ýetirer ýaly, mugallym okuw-tejribe meýdançasynda anyk oba hojalyk tärlerini görkezýär: topragy ekişe taýýarlamak, meýdançalara bölmek, tohumlary ekmek, şitilleri oturtmak, elde ulanylýan enjamlary dogry ulanmak.
Ekiş üçin ulanylýan gural-esbaplaryň gurluşyny, ony ulanmagyň düzgünlerini, oba hojalyk tehnikasyny okuwçylaryň bilmegi möhümdir. Olar baradaky bilimleriň okuwçylary hünäre gönükdirmekde uly ähmiýeti bar. Okuwçylary hünäre gönükdirmek üçin oba hojalygy bilen meşgullanýan hünärmenler bilen tanyşdyrmak hem zerurdyr.
Amaly sapaklaryň mazmunyna «zähmet kadasy», «ony hil taýdan ýokary we artygy bilen ýerine ýetirmek ugrunda göreş», «zähmet gurallary, olara aýawly garamak», «zähmet çekmegiň medeniýeti» ýaly düşünjeleriň goşulmagy zerurdyr. Okuwçylaryň şu düşünjeleri mekdep döwründen başlap, özbaşdak gowy özleşdirmegini gazanmak möhümdir.
Ösümlikleriň gögermegine ätiýaçlyk iýmit maddalaryň, suwuň, ýylylygyň, howanyň täsirini öwrenmek boýunça tejribe geçirip görmek amaly sapagyň peýdaly geçmegine ýardam berýär. Onuň üçin amaly sapagy geçirmäge bir aý galanda bugdaýyň iň iri we iň uşak tohumlaryny (her birinden 10 sany) almaly we dürli küýzejiklerde ekip, şineleri ösdürmeli. Amaly sapagy geçirmäge bir hepde galanda okuw-tejribe meýdançasynda ekiljek her bir medeni ösümligiň tohumyndan 50 sanysyny almaly we olary ekmeli. Öň geçilen maglumatlary aşakdaky ýaly gaýtalamaly: mugallym okuwça tablisadan «Noýbanyň tohumynyň gurluşy», «Bugdaýyň dänesiniň gurluşy» diýen suratlara seretmegi we tohumlaryň gurluşyny ýada salmagy tabşyrýar we tohumlary ekmek üçin nämäni bilmelidigini okuwçylardan soraýar. Soňra mugallym iri we uşak tohumlardan ösüp çykan şineleri görkezýär. Okuwçylar olary deňeşdirip, şinäniň daşky gurluşynyň dürlüdigini düşündirýärler we tohumlary ekmek üçin olaryň gowy, sagdyn görnüşlerini saýlap almaly diýen netijä gelýärler. Hyýaryň gowy tohumyny saýlamagy ýönekeý mysalda görüp bolýar, ýagny hyýaryň dok tohumy suwa salnanda aşak çökýär, ýaramazlary bolsa suwuň ýüzünde gaýýar.
Mugallym okuwçylarda tohumyň gögerijiligi diýen düşünjäni giňeltmek üçin küýzejikde ekilen tohumlardan gögeren şineleri görkezýär we olaryň näçesiniň gögerenini we näçesiniň hem gögermän galanyny sanamagy tabşyrýar. Näme sebäpden şeýle bolanyny okuwçylardan soraýar.
Amaly sapakda mugallym okuwçylary tohumyň gögerijiligine laýyklykda, näçe tohum ekmelidigi, ekiliş kadalary (maglumatlary edebiýatlardan almaly) we meýdançalaryň ölçegi bilen tanyşdyrýar. Bu okuwçylaryň rejeli ulanmak babatdaky bilimlerini ýokarlandyrýar.
Amaly sapaklar okuwçylaryň hasabaty we ýerine ýetirilen işleri jemlemek bilen tamamlanýar. Şeýle sapaklaryň geçirilmegi okuwçylaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly işde berkitmäge we alan bilimlerini durmuşda ulanmaga mümkinçilik berýär.
Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimleri
bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory
Çeşmesi: Turkmenmetbugat Bilim.tm