IŇLIS DILI MUGALLYMLARY “C5+O.N.E.” MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄGINDE HÜNÄR DEREJESINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

Berkarar döwletimizde halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy sebitleýin we ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda uly işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 7-nji iýuly – 4-nji awgusty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «C5+Opening Networks in English» (C5+ONE) maksatnamasynyň çäklerinde iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary işjeň gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň maksady Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistan ýaly bäş Merkezi Aziýa döwletleriniň orta we ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň tejribe-okuw sapaklaryny geçirmekden we iňlis dili sapagyny okatmagyň döwrebap usullary bilen tanyşdyrmakdan hem-de olaryň hünär bilim derejelerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bir aýyň dowamynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar okuw-usulyýet maslahatlaryna, hünär gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça dürli derejedäki seminarlara we konferensiýalara gatnaşarlar. Bu çäreler diňe bir iňlis dili derejesini ýokarlandyrmaga däl, eýsem hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem Merkezi Aziýanyň hünärmenleriniň amerikan kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary gurmaga gönükdirilendir. «C5+Opening Networks in English» (C5+ONE) maksatnamasy Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly bäş Merkezi Aziýa döwletleriniň çäginde amala aşyrylýar. Bu maksatnama ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasy tarapyndan utgaşdyrylýan we onuň hyzmatdaş guramasy bolan Gazagystanyň Iňlis Dili Mugallymlary Birleşmesi (KazTEA) bilen hyzmatdaşlykda Waşington şäherinde ýerleşýän halkara World Learning guramasy tarapyndan amala aşyrylylýan, hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini üpjün edýän maksatnamadyr. Bu maksanama özara baglanyşykly üç tapgyrdan ybaratdyr: 1-nji tapgyr: Onlaýn kurs – 2025-nji ýylyň 13-nji maýy – 9-njy iýun aralygy (20 sagat). 2-nji tapgyr: Gazagystanyň Almaty şäherinde bir aý dowam edýän intensiw, ýüzbe-ýüz okuw seminary – 2025-nji ýylyň 8-nji iýuly – 3-nji awgusty (146 sagat). 3-nji tapgyr: Aragtnaşyk torlaryny döretmek, hyzmatdaşlyk we hünär taýdan ösüş çäreleri – 2025-nji ýylyň sentýabry – 2026-njy ýylyň maý aralygy (80 sagat). Onlaýn we ýüzbe-ýüz okuwlar, halypalyk, 2-nji tapgyra degişli syýahat çykdajylary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamasy tarapyndan dolulygyna üpjün edilýär. Häzirki wagtda okuw maslahatyna gatnaşyjylar daşary ýurt dillerini okatmagyň täze usullary we öňdebaryjy tejribeleri boýunça Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden gelen kärdeşleri bilen bilelikde, tejribeli daşary ýurt hünärmenleriň alyp barmagynda okuw sapaklaryny geçýärler. Her topar günüň birinji ýarymynda iňlis dilini okatmagyň usulyýetine degişli bilimeri ele alýarlar. Günüň ikinji ýarymynda bolsa, tejribe esasynda alan bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe işjeň sapaklara gatnaşýarlar. Ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda mugallymlar islegi boýunça öýlänki gurnaklara hem işjeň gatnaşýarlar. Her döwletden gelen mugallymlar iňlis dilini döwrebap okatmak, okuwçylara, talyplara innowasion tehnologiýanyň iň soňky gazananlary esasynda ýokary derejede bilim bermek işinde özara tejribe alyşýarlar. «C5+Opening Networks in English» (C5+ONE) maksatnamasynyň çäklerinde okuwlar dowam edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09