Mugallymçylyk mekdebinde "eSapak" ulgamy

Garaşsyz Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly önümçilik ulgamyny döretmek işi netijeli ösdürilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi bu babatda giň mümkinçilikleri açýar. Ylmyň we tehnologiýalaryň barha rowaçlanýan döwründe ykdysadyýetde bolşy ýaly bilim ulgamynda hem innowasiýalaryň orny örän uludyr.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ykdysadyýet, önümçilik pudagynda we bilim ulgamynda sanly ulgamyny ornaşdyrmak babatda ähli zerur mümkinçilikler we şertler döredilýär. 
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli Bilim ulgamyny dünýäde bolup geçýän tehnologik özgertmeler bilen aýakdaş ösüşiň täze hil derejesine göterilýär. Biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiz döredilýän mümkinçiliklerden has manyly peýdalanyp, awtomatlaşdyrylan programma üpjünçilikleriniň üsti bilen okatmakda has döwrebap usullardan peýdalanýar. Mekdep portalynyň üsti bilen “E-žurnal” awtomatlaşdyrylan programma üpjünçiligi okatmagyň hilini barlaýan bolsa, “E-kitaphana” okatmak üçin ähli maglumatlary kynçylyksyz almak mümkinçiliklerini açýar. Ýene täze bir maglumat çeşmesi bolup biziň Mugallymçylyk mekdebimizde wideo sapaklaryň hem awtomatlaşdyrylan programmasy informatika mugallymymyz D.Muhammedow tarapyndan döredilip, ol özüniň täsirli taraplary bilen tapawutlanýar. “Video-sapak” ady bilen “Mekdep portalyny” birigen her bir  ulanyjy göni “Bilimportal” bölümine girip bilýär. Şol ýerde “Wideo-sapaklar” ady bilen sahypa açylyp, ol birnäçe bölümlerden ybaratdyr. “Esasy sahypa” bölümi täzelikleri görkezýän bölek bolup, onda beýleki bölümleriň ýazgylar toplumy toplanandyr. “Gözleg” sahypasynda her bir ulanyjy okuw dersi, mugallym, usulyýet birleşme, ýarymýyllyk ýaly görnüşlerde wideo sapagy gözleg edip bilýär. “Kategoriýalar” bölüminde usulyýet birleşmeler esasynda kategoriýa esasynda saýlamak işi aňsatlaşdyrylan. “Statistika” diýip bölek bölüm oňa güni we aýy, ýyly boýunça goşulan wideo sapaklary yzarlamak, tapmak bolýar. “Ulgama girmek” bölümi ýörite mugallymlar üçin bolup, mugallymlar özleriniň döredijilikli döreden wideo sapaklaryny “E-žurnal”-daky login, paroly bilen girip oturan ýerlerinde wideo sapaklaryny goýmaga mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagta okatmagyň täze tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine netijeli ornaşdyrmak babatda bilim we ylym işgärleri tarapyndan oňyn tejribeler toplandy. Bu bolsa, hünär-tejribelik işiniň netijeliligini ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny milli tejribä ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän ähli şertler döredildi. Goý, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary rowaç alsyn! Türkmen halkynyň döwletli ýoly ak geljege rowana bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09