Talyplaryň arasyndaky diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
28-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän "Magtymguly, öwüt bergin söz bile" atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýol kartasynyň «Medeni we edebi çäreleri guramak» atly bölümine laýyklykda guralan bu çäräniň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmekden, türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemekden, talyp ýaşlaryň döwlet dilini kämil derejede bilmeklerini gazanmakdan, olaryň türkmen dilinden ýazuw sowatlylygyny ösdürmekden, bilimlerini has-da çuňlaşdyrmakdan, hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden zehinli talyp ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy. Ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolan bäsleşik ýazuw sowatlylygy boýunça tapawutlanan talyplaryň ýüze çykmagyna ýardam etdi.
Diktant bäsleşiginiň ýeňijileri emin agzalarynyň gelen netijelerine görä 1-nji maýda yglan ediler.
Salgy : tdu.edu.tm