“PhET” interaktiw tejribeleri
PhET Interaktiw simulýasiýalary – https://phet.colorado.edu/
(PhET Interactive Simulations) Colorado Boulder Uniwersitetiniň proýekty bolup, ol anyk düşündirişleri berýän açyk bilim resursy bolup durýar. 2002-nji ýylda Nobel baýragynyň eýesi Karl Wiman tarapyndan esaslandyrylýar. Phet – yň esasy maksady ylylmlaryň öwrenilşini we öwredilşini gowulandyrmakdyr. Olaryň taglymaty “Dünýä ýüzünde mugt interaktiw simulýasiýalaryň üsti bilen ylmy, matematiki sowatlylygy, we bilimi ösdürmek”.
“PhET” – diýmek iňlis dilinden terjime edilende “Fizikia Bilim Tehnologiýalar” (Physics Education Technology) diýmegi aňladýar. Häzirki wagtda bu proýekt 125-den köpräk fizika, himiýa, biologiýa, ýer şarynyň ylmy we matematika boýunça okuw maksatly interaktiw simulýasiýalary işläp düzýär, kämilleşdirýär we tölegsiz görnüşde köpçülige ýetirýär. Simulýasiýalar (tejribeler) 65 dürli dillere terjime edildi we bu websaýta diňe 2011-nji ýylda 25 mln-dan gowrak ulanyjylar giripdirler.
“PhET” interaktiw tejribeleri işläp düzýän topar Colorado Boulder Uniwersitetine degişli bolup, ol wagtyň geçmegi bilen üýtgäp durýar, we onuň düzüminde professorlardan, doktarantura talyplardan, alymlardan, bilim hünärmenlerinden, programmistlerinden we adminstratiw kömekçilerden ybarat bolan 16 sany topar agzasy bolýar.
“PhET” interaktiw simulýasiýalary ylmy we matematiki esaslary öwrenmekde ýardam etmek üçin ylmy-tejribeleri ulanýar. Simulýasiýalar (interaktiw tejribeler) leksiýalarda, tejribelerde ýa-da öý işler hökmünde ulanylyp bilner. Onuň amatly ýeri simulýasiýalary kompýutere ýükläp internet ýok wagty hem aňsatlyk bilen ulanyp bolýar.
Salgy : nesil.edu.tm