Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi
Hemmamiziň bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň taryhy mejlisi geçirildi. Halk maslahatynyň başlygy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ösdürmekde Halk maslahatynyň orny, ýerine ýetirmeli işleri ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ösüşinde ýerine ýetirilmeli öňde goýlan wezipeler we halk maslahatynyň agzalarynyň bu işlerdäki orny barada giňişleýin çykyş etdi.
Ynha, şu maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşy boýunça 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Ogulşat Durdymedowa açyp, ol öz çykyşynda Halk maslahatynyň öňünde goýlan wezipeler, esasy ugurlar, döwletimizde ýetilen we öňde goýlan sepgitler, ata-watanymyzy mundan beýläkde ösdürmekde, raýatlarymyzyň hukuklarynyň goralmagyna,
ykdysady-durmuş şertleri gowlanmagyna garalan meseler barada çykyş etdi.
Maslahatda Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Halk maslahatynyň şäher halk maslahatynyň agzasy Maýsagözel Amangeldiýewanyň, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Serdar Saparowyň, Sylap Atabaýewiň çykyşlarynda hem Türkmenistanyň Halk maslahatynyň işi ata-babalarymyzyň eýeren, biziň döwletliligimiziň esasyny düzýän milliligimize mahsus bolan kadalar baradada giň mazmunly söhbetler guraldy.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak il-ýurt ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan işleriniň mydama rowaç almagyny arzuw etdiler.