Iş maslahaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşinine we durmuş ulgamyna edýän täsiri ähli ulgamlarda boluşy ýaly bilim ulgamyndaky işgärleriniň arasynda işjeň ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň birine öwrüldi. Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy jemgyýeti maglumatlaşdyrmak diýilip atlandyrylýan aýratyn ugruň ornuna geçdi.
Sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek maksady boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda geçirilýän ylmy maslahatlar, konferensiýalar onlaýn görnüşinde geçirilip özara maslahatlaşmak, edilen işler barada hasabatlary tabşymak işleri sanly bilim ulgamyny has öňdäki derejelere ýetmegine uly täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň halk maslahatyyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipleri çözmek üçin programmaçylar, inžinerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutdyk.” diýip, ýerlikli belläp geçýär.
Türkmemnistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine geçirilen onlaýn maslahatynda (seminarynda) döwletimiziň ähli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmgynda geçirilip, maslahat örän täsirli boldy. Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň informatika mugallymy we sanly ulgam boýunça hünärmeni D.Muhammedowyň çykyşy ähli gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda milli programma üpjünçiligini ösdürmek maksady bilen edilen işlere D.Muhammedowyň ýazan “Awtomatiki Girelge” we “Elektron WideoSapak” atly awtomatlaşdyrylan programmalaryny tanyşdyrdy we paýlaşjakdygy barada habar berdi.
Awtomatlaşdyrylan programmanyň adyndan belli bolşy ýaly, edara-kärhanalarynda işgärleriň işe gelen wagtyny, işden giden wagtlaryny hasaba alýar. Onuň üçin ýörite işgärleriň ellerinde edaranyň adyny, işgäriň adyny, familiýasyny, wezipesini görkezýän kartoçkalar bolup, her işgäriň öz belgili ştrih we QR-kodlar arkaly belgilenýär. Edaranyň girelge ýerinde bir monitor, ştrih kod we QR-kodlary okaýan enjam bolup, her işgär özüniň kartoçkasyny şoňa gözkezip geçýär. Awtomatlaşdyrylan programma bolsa şol işgäriň haçan gelendigini we haçan gidendini bellige alyp durýar. Maglumatlar edara-kärhanalaryň kimler görmäge rugsat berilýändigine bagly bolup durýar. Programmany almak üçin Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine hat üsti bilen edara-kärhanalaryň atlaryndan isleg bildirilýändigi görkezilmegi zerurdyr. Programma üçin maddy jogapkärçilik işlerini edara-kärhanalaryň özi çekip, ornaşdyrmaga, ulanmaga zerur bolan işler Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy D.Muhammedow tarapyndan kömek berilýär.
“Elektron WideoSapak” ady bilen “Mekdep portalyna” birigen her bir ulanyjy göni “Bilimportal” bölümine girip bilýär. Şol ýerde “Wideo-sapaklar” ady bilen sahypa açylyp, ol birnäçe bölümlerden ybaratdyr. “Esasy sahypa” bölümi täzelikleri görkezýän bölek bolup, onda beýleki bölümleriň ýazgylar toplumy toplanandyr. “Gözleg” sahypasynda her bir ulanyjy okuw dersi, mugallym, usulyýet birleşme, ýarymýyllyk ýaly görnüşlerde wideo sapagy gözleg edip bilýär. “Kategoriýalar” bölüminde usulyýet birleşmeler esasynda kategoriýa esasynda saýlamak işi aňsatlaşdyrylan. “Satatistika” diýip bölek bölüm oňa güni we aýy, ýyly boýunça goşulan wideo sapaklary yzarlamak, tapmak bolýar. “Ulgama girmek” bölümi ýörite mugallymlar üçin bolup, mugallymlar özleriniň döredijilikli döreden wideo sapaklaryny “E-Žurnal” ulgamyndaky login, paroly bilen girip oturan ýerlerinde wideo sapaklaryny goýmaga mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagta okatmagyň täze tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine netijeli ornaşdyrmak babatda bilim we ylym işgärleri tarapyndan oňyn tejribeler toplandy. Bu bolsa, hünär-tejribelik işiniň netijeliligini ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýastyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny milli tejribä ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän ähli şertler döredildi. Goý, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary rowaç alsyn! Türkmen halkynyň döwletli ýoly ak geljege rowana bolsun!