Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýurduň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli halkara şahadatnamalaryň gowşuryş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň; Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň; Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň; Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň; Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň; Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdirlerine degişli şahadatnamalary gowşurdy.
Mälim bolşy ýaly, «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň – parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär.

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09