Durmuşda mugallymlar bolmasa synp otagy hem bolmazdy
Alkyş eýesi hasaplanýan mugallymçylyk käri – köpugurly, döredijilikli zähmeti talap edýär. Öz kärini ýürekden söýüp, çagalary edepli-ekramly, bilimli-düşünjeli edip ýetişdirýän mugallym bagtly, ilhalar adamdyr.
Mälim bolşy ýaly, bilim boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň 4-nji maksadynyň kabul edilmegi hem ýokary hilli bilimi üpjün etmekde mugallymlaryň bilim ulgamynda 2030-njy ýyla çenli gün tertibine ýetmegiň açary hökmünde ykrar edýär. Onda geçmişde bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri bellenilýär we galan päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň ýollary öwrenilýär.
Jemgyýet bina bolsa, maşgala onuň sütüni hasaplanýar. Çagalara berilýän edep-terbiýe bolsa ertirki günde jemgyýetimiziň nähili boljakdygyny kesgitleýär. Hut şu esasdan hem her bir mugallym edep-terbiýeli şahsyýetleriň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda aýratyn aladalanýarlar.
Ýaşlaryň ylymly, bilimli, ilhalar ynsanlar bolmaklaryny gazanmakda ata-eneleriň, maşgala agzalarynyň şahsy göreldesiniň zerurdygy düşnükli. Şahsy görelde terbiýe bermekligiň iň gowy nusgasydyr. Maşgala agzalarynyň birek-birek we jemgyýetdäki beýleki adamlar bilen gatnaşygy hem çaga terbiýesine uly täsir edýär. Öýüne gelip-gidýän adamlar hem-de goňşy-golamy, dogan-garyndaşy bilen hossarlarynyň sylaşykly, güler ýüzli gatnaşyklaryny gören çagalar hem öz synpdaşlary, dostlary bilen mylakatly bolýarlar. Çaganyň her bir hereketinde, sözünde kämil ahlak sypatlarynyň bolmagyny gazanmak gerek. Çünki ahlak terbiýesi meselesine örän eserdeň çemeleşilende jemgyýetimizde asylly, namysjaň, edepli we edenli perzentler kemala geler.
Mekdep ýyllarynda ýaşlar uly durmuşa gadam basýarlar. Töwerek-daşynda, jemgyýetde bolýan zatlar bilen has içgin gyzyklanyp başlaýarlar. Bu bolsa çagalarda ýaramaz endikleriň peýda bolmagynyň, ters hereketlerden daşda durmagynyň öňüni almakda ene-atalaryň-da, şeýle hem mugallymlaryň-da jogapkärçiligini artdyrýar. Çaga terbiýesinde mekdep mugallymlary okuwçylaryň özüni alyp baryşlaryna, birek-birek bilen gatnaşygyna seresaply çemeleşmelidirler. Olaryň her bir işde çagalara gowy görelde görkezip, döräp biläýjek ýaramaz ýagdaýlaryň wagtynda öňüni almaklary zerur. Çagalara hormat-sylagyň eýesi, ökde hünärmen bolmak üçin diňe ylymly we bilimli bolmaklygyň ýeterlik däldigini, ýagşy gylyk-häsiýetleri özüňde jemlemelidigini düşündirmek wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurduň geljeginiň şu günki nesilleriň ylym-bilimine, sagdynlygyna, ahlak arassalygyna baglydygyny bellemek bilen, bu meseläni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ýurdumyzda çagalaryň okamaklary, dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellemek gerek.
Aýna JUMAGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Salgy : turkmengazet.com