AKYLDAR ŞAHYRA BELENT SARPA
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň edebi mirasydyr. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan. köňüllerde ýer eden şygyrlary dillerde aýdym bolup ýaňlanýar.
Dana akyldar.
Könlüm istär. gezsem dünýä-äleini.
Ganatym ýok. uçabilmen, neýläýin!
ýa-da,
Keşt edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner.
Isgender, Jemşit saldyrgan
Beýik binalar görüner —
diýip, şygyrlarynda jahankeşdelige bolan hyjuwyny beýan edýär.
Şahyryň şygyrlar diwanyny okanyňda, ondan bir pursat hem aýrylyp bilmeýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy akyldar şahyra goýulýan çuňňur sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwürdi.
Şahyryň şygyrlary dessine ýadyňda galýar, şirin mukam bolup ýaňlanýar.
Akyldar şahyryň goşgulary ynsan kalbynyň öçmejek owazydyr, oňa durmuşda ýagty ýol görkezýän şamçyragdyr. Magtymgulynyň:
Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm.
Hor galmasyn puştba-puşdum,
Berkarar döwlet islärin —
diýen goşgy bendindäki isleg-arzuwy hasyl boldy. Şahyr agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir. Akyldar şahyryň goşgularynyň içinden edep-terbiýe, Watany söýmek, özüňden ululara hormat goýmak, gahrymançylyk eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin Magtymgulynyň goşgulary her bir ynsanyň köňlüniň töründe orun alýar.
Jeren MURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti, 08.11.2023ý. №90