Görkezme esbaplardan peýdalanmagyň taryhy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Okuwçylaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. “Bu gün halkara ylmy jemgyýetçiliginde Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň, ylmynyň we medeniýetiniň esasy peýda bolan merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilendir” diýip Gahryman Arkadagymyz belleýär.
Biziň ata-babalarymyz gadymy mekdep-medreselerde özlerine mahsus bolan bilim, ylym beriş usulyny ýola goýupdyrlar. Bu usul şu günki günde hem öz ähmiýetini ýitirmän saklap gelýär. Okuwçylary kitaplar bilen üpjün etmek, synp otagyny görkezme esbaplar bilen baýlaşdyrmak meselesi şol döwürde hem zerur bolupdyr. Türkmen halky “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýýär. Bu nakylyň täsiri mekdeplerde, medreselerde hem duýulypdyr.
Sapak okadylanda görkezme esbaplardan peýdalanmaklyga, ýagny olaryň göz öňüne getirmeleri kemala getirmeklikdäki, öwredilen bilimleriň okuwçylaryň ýatlarynda berkitmeklikdäki, okuwçylara gözegçilik etmeklikdäki, edebi dilde dogry pikir alyşyp bilmek endiklerini ösdürmekdäki roly baradaky we beýleki meselelere dürli döwürlerde dürli jähtden seredilip gelindi.
Görkezme esbaply okatmak meselesine dürli wagtlarda daşary ýurtly meşhur usulyýetçiler, görnükli pedagoglar: Ý.A.Komenskiý, K.D.Uşinskiý, I.G.Pestalossi, N.I.Apparowiç, A.A.Wagin, P.W.Gora, D.N.Nikiforow we beýlekiler öz işlerini bagyşladylar. Görkezme esbaplardan peýdalanmak meselesi ýokarda ady agzalan usulyýetçiler tarapyndan nazaryýetde we tejribede doly barlagdan geçirildi. Ýöne şeýle-de bolsa, görkezme esbaplary peýdalanmagyň, taýýarlamagyň usullary hakynda türkmen dilinde gollanmalaryň, neşir edilen okuw görkezme esbaplarynyň zerurdyr.
Görkezme esbaply okuw – okatmagyň bir usuly hökmünde ilkinji gezek belli Çeh pedagogy Ýan Amos Komenskiý tarapyndan esaslandyryldy we şweýsar pedagogy Iogan Genrih Pestalossi, rus pedagogy Konstantin Dmitriýewiç Uşinskiý, şeýle-de beýleki görnükli pedadoglar tarapyndan kämilleşdirildi.
Görkezme esbaply okatmak usuly baradaky düşünjeler I.G.Pestalossiniň işlerinde has giňişleýin beýan edilýär. Ol “Adam edip terbiýelemek” diýen işinde: “Her bir okuw gözegçilik etmäge we tejribä esaslanmalydyr, netijelere we umumylaşdyrmalara çenli ýetirilmelidir. Gözegçilik etmek esasynda okuwçynyň görüş, eşidiş we beýleki duýgylary kämilleşdirilýär. Ol bolsa, çagalarda geplemäge bolan pikiri we islegi oýarýar.” Mekdepde geçilýän sapagyň her birini görkezme esbaply geçmegiň zerurlygy barada nygtap, Pestalossi okuwçylaryň duýgy organlarynyň olara daş-töwerek barada bulaşyk we düşnüksiz maglumatlary berýändigini belleýär. Görkezme esbaplar bolsa, şol düşnüksizligi ýok etmeklige we aýry-aýry pikirleri umumylaşdyrmaklyga, okuwçylarda anyk düşünjeleri kemala getirmeklige kömek edýär.
Sapakda görkezme esbaplardan peýdalanmak meselesine sereden ýene-de bir pedagog K.D. Uşinskidir. Ol bu barada “Çagalar dünýäsi”, “Watan sözi”, “Terbiýelenýän adam” ýaly işleri ýazdy. Uşinskiniň pedagogik ulgamyna laýyklykda, sapakda görkezme esbaplardan peýdalanmak ene dilini öwretmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Onuň bellemegine görä, sapakda okuwçylaryň geplemek endiklerini özbaşdak ösdürmeklerini gazanmak üçin görkezme esbap ajaýyp serişde bolup hyzmat edýär. Predmetiň, düşünjäniň mugallymyň hut özüniň ýolbaşçylygynda okuwçylar tarapyndan kabul edilmegini gazanmak gerek. K.D.Uşinskiniň bellemegine görä, maglumatlary eşidip, kabul etmeklik kyn meseledir. Ol okuwçylardan ünsi jemlemegi we erke zor salmagy talap edýär. Eger-de sapak mugallym tarapyndan oňaýsyz we oýlanyşyksyz gurnalsa, onda okuwçylar daşky görnüşi boýunça sapakda otursalar-da, özleriniň işleri, meseleleri ýa-da başga bir howaýy pikirler bilen gümra bolarlar we öwredilýän maglumatlary kabul edip bilmezler. Ol bu barada şeýle diýýär: “Çagalaryň duýmalary düşünjelere öwrülýär. Düşünjeler pikire öwrülýär. Pikir bolsa, söz bolup agyzdan çykýar. Şonuň üçin çaganyň duýgy organlarynyň anyk zatlary kabul etmeklerini gazanmak we howaýy pikirlerden daşlaşdyrmak gerek.” K.D.Uşinskiniň bu pikiri bilen ylalaşmazlyk mümkin däldir. “Çaga bäş sany söz öwrediň. Olar şol sözleri ýatlamak we özleşdirmek üçin uzak wagtlap güýmenerler. Emma, suratlar bilen utgaşdyryp, ýigrimi sany sözi öwretseň, çagalar şol sözleri ýüz ugruna özleşdirerler we uzak wagtlap ýatlarynda saklarlar.” – diýip K.D. Uşinskiý belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe orta mekdeplerde geçilýän her bir dersiň okuw maksatnamasy we iş meýilnamasy mugallymlaryň öňünde şu aşakdaky maksatlary we wezipeleri goýýar:
-Okuw işini manyly we belli bir maksada gönükdirilen görnüşde guramak;
-Okuwçylaryň indiwidual ýetişiklerini nazarda saklamak;
-Okuw işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen goşmaça edebiýatlary we goşmaça usulyýet taglymatlaryny ulanmak;
-Okuwçylary ylmy işe ugrukdyrmak.
Ýokarda bellenilip geçilen talaplary ýerine ýetirmek üçin okatmagyň adaty we işjeň görnüşlerini, usullaryny we tehnologiýalaryny birleşdirmek we olardan peýdalanmak endiklerini kämilleşdirmeklik talap edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen mekdepler kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, proýektorlar bilen üpjün edilýär.
Her bir mugallyma şol tehnologiýalardan peýdalanmak üçin mümkinçilikler döredildi. Şol tehnologiýalardan peýdalanmaklyk ukyplaryny kämilleşdirmek we täze usullary işläp, durmuşa geçirmek biz mugallymlaryň öňünde durýan wezipedir.
Umyt Baýramalyýewa,
B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy
Salgy : http://tmpedagog.com.tm