Magtymguly Pyragynyň we Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine bagyşlanan online duşuşyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesinde laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, onuň ady dünýä doldy. Ýaňy ýakynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň we Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine bagyşlanan online duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, Arkadag şäheriniň Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi we Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary şeýle-de Daşoguz welaýat kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň Türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bossan Murzaýewa çykyş edip “Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki pedagogik garaýyşlar” hem-de “Kerim Gurbannepesowyň döredijiligi edep-terbiýe mekdebi” diýen temalar boýunça çykyş etdi. Mugallymçylyk mekdebimiziň birinji ýyl talyplary Serdar Saparow, Bägül Kakajanowa dagylar çykyş etdiler. Bu ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada dürdäne pikirler aýdyldy.Şahyryň döredijilik dünýäsiniň pähim-paýhasa neneňsi baýdygyna onuň eserlerini näçe köp okadygyňça, şonça-da giň göz ýetirýärsiň. Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen tire-taýpalaryny birleşdirmek, mähriban topragyňy goramak ýaly pikirler esasy oruny eýeleýär. Bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň ,,Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygyry okaldy. Ondaky:
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
 diýen setirleri pikirdir garaýyşlary umumadamzat gymmatlygyna öwrülen beýik şahsyýete berlen iň ýokary baha bolup durýar.
Il-halkyna, onuň gadymy mirasyna şol sanda türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömürleri uzak bolsun!
Bossan Mürzäýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili
we edebiýaty mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09