TÄZE TARYHY DÖWRÜŇ BATLY GADAMLARY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmakdaky orny, öňe sürýän başlangyçlarynyň taryhy-syýasy taýdan ähmiýeti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki çykyşynda öz beýanyny tapdy. Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy sammitiň esasy mowzugyna öwrüldi.
Häzirki wagtda taryhy we ruhy kökleri bir bolan döwletleriň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde ösdürmek, täze derejä çykarmak babatda söwda-ykdysady, ulag-logistika ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda türki döwletleriň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde Hazarüsti ulag geçelgeleriniň zerurlygy we netijeliligi hakynda aýratyn nygtap geçdi.
Energetika ulgamy Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilen tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksport edilýän mukdary ýyl-ýyldan artdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda amala aşyrylan ägirt uly işler, halkara derejesinde durmuşa geçirilýän başlangyçlar ata Watanymyzyň energetika pudagynyň barha kuwwatlanýandygyna aýdyň güwä geçýär. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy hem aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Bu döwrebap önümçilik desgasy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmakda hem-de sebitleri senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem ol goňşy döwletlere eksport edilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmakda hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolar. Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki çykyşynda bu hakda aýratyn nygtap geçmegi energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki çelgilerini kesgitleýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sahawatly gününde düýbi tutulan desga ýakyn geljekde ýurdumyzda öndürilen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana, Türkiýä ibermek babatdaky maksatlary amala aşyrmaklygagiň mümkinçilikdöreder.
Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamak hakyndaky başlangyjy hem taraplarda uly gyzyklanma döretdi.
Ata Watanymyzyň mertebesini beýgeldýän, halkymyzyň nurana geljeginiň binýadyny berkidýän şeýle taryhy-syýasy ähmiýetli wakalar bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni hakydalara, göwünlere ornaýar.
Bibi GURBANGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Daşoguz habarlary gazeti. 09.11.2023ý. №45

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09