ALAJA BARADA
Alaja ýaman gözlerden goraýandygy üçin enelerimiz olary çagalaryň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar.
- Towy gowy ýetirilen alaja ýüpüň berk hem owadan bolýandygy barada halk arasynda: «Sapagy tow saklar» diýen aýtgy bar. Towy gowy bolan ak we gara sapaklardan owadan alajalar emele gelýär.
- Il arasynda «Alajada gözüň agy-garasynyň, gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi bar» diýen aýtgy bar.
- Öýüň gapysyna, düýelere, bedew atlara, alabaý itlere şeýle-de soňky wagtlarda awtoulaglara hem alaja dakmak asylly däbe öwrüldi.
- Ene-mamalarymyz: «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» diýmek bilen, alajanyň gelin-gyzlaryň ähli el işleriniň owadanlygyny has-da artdyrýandygyny belläp geçýärler.
- Alaja, görnüşlerine görä, «ýönekeý alaja», «goşma alaja», «bugdaýbaş alaja», «çigildem alaja», «älem alaja», «toýnukly alaja», «çyzykly alaja», «çyraly alaja» ýaly atlar bilen atlandyrylýar.
Toplan Şagözel ATAJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.
Daşoguz habarlary gazeti. 09.11.2023ý. №45