Milli terbiýe — asylly ýörelge

Ata Watanymyz ösüşiň täze belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen barýar. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesiller we olaryň erkin ösüp-ulalmaklary, okamaklary, bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerinden ýerlikli peýdalanmaklary baradaky alada hem ajaýyp zamanamyzda döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredilip, çaganyň irki ýaşlaryndan başlap, durmuş goraglylygyny we sagdyn ösmegini üpjün etmek meselesi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzda körpeleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegini maksat edinýän ençeme resminamalar kabul edilendir. Olar çagalary umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Watan — başymyzyň täji, her bir adamyň ýüregindäki, ykbalyndaky iň arzyly mukaddeslik. Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyz gülläp ösýär, agzybir halkymyz halal zähmet çekip, Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belent derejelere göterilmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşandyny goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserlerini okanyňda, ata Watanymyzy, ene topragymyzy gözüniň göreji deýin goran ata-babalarymyzyň bitiren beýik işleri, Watan ugrundaky söweşlerde görkezen mertligi göz öňüňde janlanýar.
Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy toplan durmuş-ýaşaýyş tejribeleriniň köpüsi biziň döwrümize gelip ýetipdir, täze nesilleriň aňyna siňipdir. Şeýlelikde, ylma-bilime teşne nesilleriň hem akyl-paýhaslarynyň, durmuş tejribeleriniň yzygiderli üsti ýetirilip, kämilleşipdirler. Nakyllar, dana sözler, rowaýatlar, tymsallar nesilleriň durmuş paýhasynyň çäjiniň içinden elenip alnan tylla dänejikleri ýaly, jöwher dürdänelerdir, olarda yrýa söz ýokdur. Ata-babalarymyzyň bu gymmatly mirasy bahasyna ýetip bolmajak gollanmalardyr. Rowaýatlardaky, tymsallardaky, nakyllardaky durmuş tejribelerini jaýdar, ýerlikli ulanmagyň halkyň aňyna, ýaşlaryň terbiýeçilik işine edýän täsiri islendik döwürde hem netijeli häsiýete eýe bolýar. Belent adamkärçiligi nesihat edýän rowaýatlaryň, tymsallaryň düýp manysy, esasan, milli ýörelgä esaslanýan terbiýe mekdebini kemala getirmek bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.
Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň okuwçylar we talyp ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirmeginiň zerurlygy hut şunuň bilen şertlendirilendir. Milli Liderimiz ýokary ahlaklylygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir».
Parahat Gurbangeldiýew,
Beki Seýtakow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Salgy : atavatan-turkmenistan.com

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09