Bitaraplygyň mizemez binýady

Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň bütin dünýä we sebit döwletleri bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy berkitmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň düýp esasy bolup durýar. Türkmenistan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barmak bilen, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olary hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda özara gatnaşygy ýola goýýar.
Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň bütin dünýä we sebit döwletleri bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, jemgyýetde dumuklylygy, ylalaşygy berkitmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň düýp esasy bolup durýar. Türkmenistan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barmak bilen, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olary hormatlamak, deňhukuklylyle ýörplgplpri esasynda özara gatnaşygy ýola goýýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi öňüni alyş diplomatiýasydyr. Ony gözel paýtagtymyzda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy doly tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen dünýä halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna gönükdirilen wezipeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigi ýakynda geçen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mysalynda aýdyň göründi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň belent münberinde çykyş edip, ählumumy abadançylygy, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary beýan etdi.
Bu günki gün ýurdumyzda Bitaraplygyň binýady ählitaraplaýyn berkid i lýär, milli döwlet dolandyrylyşy pugtalandyrylýar. Şonuň üçin hem ajaýyp Diýarymyz Ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär.
Taryh üçin gysga döwürde ýetilen sepgitlere nazar aýlasak, merdana halkymyzyň öz ykbalyny özi kesgitleýändigine göz ýetirmek kyn däl. Biz bu gün, sözüň doly manysynda, öz ykbalymyzyň hakyky eýesi bolduk. Geçmişde şan-şöhraty arşa göterilen we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen barýan ýurdumyz bu gün diňe milli bähbitleri bilen çäklenmän, eýsem dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat bähbitli başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň kökleri müňýyllyklara uzap gidýän taryhdan gözbaş alyp gaýdýar. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ata-babalarymyzyň sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleridir. Buajaýypýörelgelerýurdumyzyň Bitaraplygy bilen täze öwüşgine, giň mana eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem ynsanlaryň parahat, agzybir gatnaşyk saklamagynyň zerurlygy barada gürrüň edilýär. Milli Liderimiz: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatsöýüjiliginiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýip belleýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Maýsagözel AMANGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy,
Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzasy.

23.11.2023ý. №47 Daşoguz habarlary

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09