Bellikler depderçesi (Hekaýa)
Güýzüň ahyrky günleriniň birinde Myratjygyň alys guýudaky örüde goýun bakýan atasy Aman aga dowarlary ogly Kakala, ýagny Myratjygyň kakasydyr çoluklaryna tabşyryp, bäş-on gün oba dynç almaga geldi. Atasynyň ýylyň her möwsüminde belli günler öýlerinde bolmagy Myratlaryň öýüni kiçiräk bir toýhana öwürýär. Oba mekdebiniň 2-nji synpynda okaýan Myratjyk ene dili mugallymynyň özlerine beren tabşyryklary esasynda bellikler depderçesini ýöredýärdi. Suhangöý atasynyň gelmegi bilen habar berýär — diýdi. Döwre gurap oturan L ýaşulular Şaguly aganyň aýdanlaryny baş atyşyp makulladylar.
Şol wagt çaý getirip hyzmat edip ýören obanyň çekene çopany Mäti idin sorap, özüniň şaýat bolan wakasyny geň-taň galyp gürrüň bermäge durdy:
— Şu gün düşlän oýumyzyň golaýynda zemzen bilen ýylanyň başa-baş söweşini gördüm. Zemzen ýylany guýrugy bilen urup, kellesineagyz salmaga jan edýärdi, emma ýylan hem oňa per berer ýaly däl. Ýylan ondan ezberlik bilen sypyp, zemzeniň iki-üçýerinden çakdy. Şonda zemzen özüniň asgynlap barýandygyny duýanyndan, golaý- bu depderindäki ýazgylaryň gabarasynyň artjakdygyna onuň ynamy uludy. Çünki atasy örän gürrüňçil, şahandaz adamdy.
Merkezden uzakda, Ojarlyda mesgen tutan çarwa obasynyň bu günler şagalaňy has-da artýar. Dowarlar soýulup, gelin-gyzlar biş-düşüň ugrunda pelesaň urýarlar. Tüýnüginiň serpigi çekilip, tärimlerine galyň keçe çekilen ak öýüň ortasynda ýakylan ojar odunyň howruna maňlaýyny derçiredip gök çaý içýän atasynyň obanyň ýaşululary bilen edýän mesawy gürrüňleri Myratjykýaly ýaş çagalary däl, asyl ululary hem biparh goýmaýar. Bu gezek hem şeýle boldy.
Ýaşy segsene ser uran, ýöne sähraň derman howasyna entek hem gaýratly bili bükülmedik Şaguly aga çaýly käsäni emaý bilen eline aldyda, daş-töweregine garanjaklap:
— Äl-aýt, sakaldaşlar, bu ýyl howa gaty sowajak öýdýän. Şu gün irden çägäniň üstünde dür sepilen dek gyrawy görensiňiz, asyl sazagyň ysy hem howanyň gygynyň ajajakdygyndan
yanynaan, goiaydaky ösüp oturan ösümlige bedenini oýkady-da,täzeden söweşe girdi. 01 ösümligiň syry nämedekä?
Onuň gürrüňlerini üns bilen diňläp oturan Aman aga:
— Seniň diýýäniň ýylandodakdyr. Ýylan çakanyň bire-biremidirol.Ony suwda gaýnadyp, ýylan çakan goýny ýuwsaň ýa-da oňa içirseň ölmän galaýar. Seniň gören zemzeniň hem ýylandodakdan em tapandyr — diýdi.
Atasynyň dyzyna tirsegini urup, edilýän gürrüňleri üns bilen diňläp oturan Myratjyk bu täsin gürrüňleri tizden-tiz öz bellikler depderçesine belläp almak üçin atasynyň ýylyjak içmeginiň synyndan sogrulyp çykdy-da, ak öýüň bosagasyna tarap ýöneldi. Bellikler depderçesinden habarly atasy bolsa bilesigeliji agtyjagynyň yzyndan guwanç hem buýsanç bilen seredip galdy.
Malahat OTEKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
16.11.2023ý. №46 Daşoguz habarlary