Asudalyk – bagtyýar geljegimiziň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda: bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, oba-hojalygynda, halkara gatnaşyklarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu asylly işleriň gözbaşynda bolsa halkyň bähbidi, ýaş nesiller hakdaky aladalar dur. 
Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy hem ýaş nesilleriň köňül buýsanjyny has-da artdyrdy. 
Taryhyň bütin dowamynda türkmen halky parahatçylyk söýüji, asudalygyň goragçysy hökmünde tanaldy. Bu asylly ýörelgeler häzirki günlerde hem Milli Liderimiz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Ýurdumyz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün edýär, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýär, ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýär. Ykdysady-syýasy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny işläp taýýarlamak, uly göwrümli sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly dünýä möçberinde ileri tutulýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar. 
Parahatçylyk we ynsanperwerlik meseleleri ýurdumyzda iň ileri tutulýan ugurlardyr. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet kögünde eden çykyşynda “Dowam bolsun!” atly goşgusyndan 
Asman-Zemin arasy – 
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn, gül Watan, 
Köňüller bolsun rahat!
-diýen goşgy bendini okamagy hem ýurdumyzyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň şahyrana beýanyna öwrüldi. 
Taryhyň gatlarynda özüniň şöhratly yzyny goýan türkmen halky asudalygyň we parahatçylygyň arzuwynda ýaşapdyr. Munuň şeýledigine Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hem şaýatlyk edýär:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy...
Parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan, ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, il-halkyny asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsanjymyzyň çägi ýok. Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belent derejelere çykarmaga döredip beren mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Oguljennet Nurtaýewa, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09