TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDE WE ÇEPER EDEBIÝATYNDA NUSGAWY ÝÖRELGELER MILLI MEDENIÝETIŇ ESASYDYR
Her bir milletiñ buýsanmaga oña guwanmaga dürli baýlyklary bar. Türkmen milletiniň has irki döwürlerden dörän we il arasynda dilden dile saklanyp gelen halk döredijilikleri, täsirli eserleri bar. Türkmen halk döredijiligi eserleri durmuşda gelin-gyzlaryň, ene-mamallaryň, çagalaryň, ýaş ýigitleriň uly adamlaryň, ýaşulylaryň her biri barada görelde, nusga alarlyk mazmuna baýdyr. Meselem, ÝUNESKO-yň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen Görogly eposynda zenan maşgalalar örän işjeň hereket edýärler, eger gerek bolsa, olar ellerine ýarag alyp, göreş meýdanyna çykmakdan hem gaýtmaýarlar. Bu eposda dostluk meselesi, ýoldaşyna wepalylyk, garyp-gasarlara kömek etmek her bir meseläni geňeşli çözmek, ula hormat etmek, myhmanparazlyk... ýaly halkyň oňat görüm-göreldeleri örän berk saklanýar. Şeýle-de, mert ýigitleriň söweş ýoldaşy oňat bedewleri ýetişdirmeklige uly üns berlip, seýisçilik ýörite bir hünär hökmünde görülýär. Geljekki gahrymany hem-de onuň söweş ýoldaşy Gyraty ösdürip ýetişdiren parasatly terbiýeçi Jygaly beg ajaýyp hünärler ulanýar. Hatda, ol atlaryň reňkine garap, olaryň häsiýetlerini kesgitlemegi hem başarýar. Şeýle-de, ýigitleriň oňaýsyz taraplary, hatda baş gahrymanyň goýberen ýalňyşlary hem aýyl-saýyl görkezilýär.
Türkmen ýazyjy, şahyrlary Göroglynyň häsiýetine mahsus keşpleri döredip eserlerinde wasp edýärler. Atşynaslarymyz, seýislerimiz bolsa, Göroglynyň Gyratyna kybapdaş bedew atlar ösdürip ýetişdirmegi arzuw edýärler. Diýmek türkmen halkynyň edebiýatynda halk döredijiliginde waspy ýetirilýän arzuw edilýän hakykatdyr. Bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen umumy sapagynda ,,Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly. Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar”. – diýip belleýär. [3.1.] Türkmen halkynyň taryhy geçmişi, milli däp-dessurlary, halk döredejiliginiň terbiýeleýjilik güýji barada çuňňur düşünje bermek, Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserlerinde has täsirli beýan edilýär. Türkmen halkyna mahsus edim-gylymlary, edep-ekramy kemala getirýän däp-dessurlaryň esasyny düzýän baý mazmunly maglumatlar, olarda edep-ekram, terbiýe, halallyk, ata-enä hormat goýmak, Watan mukaddeslikleri, perzentlik borçlary ýaly arassa ahlak sypatlary kemala getirmegiň göreldesi anyk we aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň öz zähmetsöýerliginiň, halal zähmetiniň hasabyna ruhy baýlygyny, ruhy medeniýetini dünýä tanadyp bilendigine buýsanjymyz artýar.
Sebäbi, ,,Adamzat dogry ýaşamagyň tertip-düzgünlerini durmuşda giňden özleşdirip, ony kada öwürýär.” [1.196.]
Türkmen halkynyň türkmen halk döredijiliginde we çeper edebiýatynda nusgawy ýörelgeler durmuş ýagdýalaryny çeper beýan etmek hiç bir halkyňka meňzemeýän aýratynlyk bolup, biziň milli medeniýetimiziň esasydyr.
Watan bilen bagly nakyllar, ynsan terbiýesi baradaky parasatly sözler, rowaýatlardyr tymsallar köp wagtdan bäri bellikler depderimdäki ýazgylarymyň arasynda, meniň kitaplarymda aýratyn orun tutýar. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda: «Watana bolan söýgi — ähli gowy duýgularyň gönezligi. Ynsany erkin ýaşadýan we bagtly edýän, gursaklarda ýaşaýyşdurmuş umydyny alawlandyrýan, ösüşlere we barha belentliklere ymtylmagyna itergi berýän zat Watan söýgüsidir. Aslynda, her bir gözelligiň we durmuşyň asyl manysyna çuňňur düşünmek üçinem, ilki bilen, Watan söýgüsi gerek» diýip ýazypdym. [3.1.]
Terbiýe bermegiň ähli kada–kanunlaryny, düzgün–ýörelgelerini dolulygyna özünde jemleýän halk döredijiligi, çeper edebiýatymyz milli terbiýämiziň kökleriniň nesihat, sargyt, ýörelge bilen gadymyýetden bäri hünäre ugrukdyrmakda, adamda beýik ahlak sypatlary kemala getirýändigini görýäris. Halk döredijiligi eserleri adamkärçiligiň sabyrlylyk, işeňňirlik, zähmetsöýerlik maksadaokgunlylyk ýaly sypatlaryny, iň esasy hem döredijilik başarnygyny kemala getirip endige öwürýär. Aslynda halk döredijiliginde, çeper edebiýatda beýan edilýän maglumatlar adam aňyna oňyn we tiz täsir edip, adamyň arassa ahlakly bolýandygyny, şol ýörelgä eýermäge, döretmäge, ýerine ýetirmäge bar güýjüni sarp edýändigini hemmämiz bilýäris. Diýmek, halk döredijiliginiň, çeper edebiýatyň islendigi bilen ýakyndan tanyşmak millilik ruhuny terbiýeleýji serişde hasaplanýar.
Peýdalanylan edebiýatlar:
1.Gurbanguly Berdimuhamedow. „Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi“ Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2020.
2.Gurbanguly Berdimuhamedow. „Ömrümiň manysynyň dowamaty“. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2023.
3.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşy. (2023-nji ýylyň 1-nji sentýabry). Mugallymlar gazeti. №71. 04.09.2023ý.
Nurtaýewa Oguljennet Kakyşowna
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby