Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilime uly ähmiýet berilýär, ýokary we orta | bilim berýän mekdepleriň döwrebap binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bitim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterleriniň, multimediýa tehnologiýalarynyň talyplardyr okuwçylaryň ygtyýaryna berilmegi, okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanylmagy bolsa, ýaşlara bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip bellemek bilen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzda hereket edýän iri önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar innowasion tehnologiýalary ussatlarça dolandyrmagy başarýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň birnäçesiniň ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan döredilen ýyladyşhana toplumlarynda, senagat ulgamyna degişli önümçiliklerde, söwda we hyzmat ulgamlarynda zähmet çekýär. Munuň özi bilim ojaklarynda okap, hünär öwrenen ýaşlaryň işleri ýola goýmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýteki ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda, şol sanda köpugurly daşary syýasatynyň amata aşyrylmagynda ýaşlara uly orun degişlidir. Şu ýylyň 16-18-nji noýabry aralygynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady biten Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň ýokary derejede geçirilendigini bellemek gerek.
Geçen ýylyň 14-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň ýaşlar syýasaty, bu ulgamda milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynda ýaşlar bilen geçiren maslahatynda öňe sürlen anyk teklipler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öz beýanyny tapdy. Gurultaýda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanylmagy biten, bu ugurdaky işleriň täze tapgyry başlandy.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi barada aýdyp, bu dabarada ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstün tik teriniň jeminiň jemleniljekdigini belledi.
Häzirki wagtda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan ýaşlar forumyny ýokary derejede guramak bilen bagly zerur işler atnyp barylýar.
Oguljemal PAŞYKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
"Zaman-Türkmenistan" gazeti
8-nji dekabr, 2023. Belgisi 49/1563

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09