"Arzuwlaryň wysal bu gün, Pyragy!" atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen ,,Arzuwlaryň wysal bu gün Pyragy!,, atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen jemleýji bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden deslapky tapgyrda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdy. Bäsleşige biziň mekdebimizden 202-nji toparyň talyby Gurbangeldiýewa Mahym, 106-njy toparyň talyby Täjibaýewa Narjan gatnaşdylar.
Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň ene dilimize bolan söýgüsini artdyrmakdan, olaryň dürs ýazuw endiklerini ösdürmekden, zehinli ýaşlary höweslendirmekden, watansöýüji nesiller terbiýeläp ýetişdirmekden, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny talyplaryň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Barlag diktanty talyplardan dürs ýazuw kadalaryny bilmegi, dyngy belgileri dogry ulanmagy, hatyny owadan we sowatly ýazmagy başarmagy talap edýär. Bäsleşikde ýazdyrylan diktantlar professor mugallymlardan düzülen eminler topary tarapyndan degişli talaplara esaslanyp barlanyldy we adalatly bahalandyryldy. Bäsleşikde orta hünär okuw mekdepleri boýunça 1-nji orna biziň mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Mahym Gurbangeldiýewa mynasyp boldy.
Goý, halkymyzyň asudalygyny üpjün etmekde, bagtyýar ýaşlarymyzyň milli ruhda terbiýelenmeginde uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jeren Muradowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Salgy : tdu.edu.tm