Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany
Öz döwründe dünýäniň ýarynda beýik Horezm soltanlygyny döreden Anuşteginler türkmen nesilşalygyna degişli horezmşalaryň iň soňkusy Jelaleddin soltan mongol basybalyjylaryna garşy göreşen batyr serkerde hökmünde taryhda öçmez yz galdyrypdyr. Köneürgenç şalarynyň soňky nesilşalygy patyşa Anuşteginden (1077 — 1097) alyp gaýdýar. Otuz ýyl höküm süren Kutbeddin Muhammetden soň onuň ogly Atsyz, ondan soň II Arslan, Tekeş Soltan, Alaeddin Muhammet tagta geçip, horezmşalar ady bilen 1220-nji ýyla çenli bu nesilşalyk höküm sürýär.
1220-nji ýylda horezmşa Muhammet soltan mongol ýörişi başlanan döwürde ölüminiň öň ýanynda uly ogly Jelaleddini öz ýerine horezmşa belläp, soltan unwanyny (derejesini) hem berýär. Ine, şondan başlap Jelaleddin soltanyň mongol basybalyjylaryna garşy göreşi başlanýar. Jelaleddiniň mongollar bilen ilkinji çaknyşygy Nusaýa golaý ýerde bolýar. Ol özüniň üç ýüz atlysy bilen ýedi ýüz urşujydan ybarat mongol goşunyny derbi-dagyn edýär. Şondan soň Jelaleddin soltan Nyşapura baryp, goşun toplaýar. Ýigrimi müň urşujydan ybarat goşun bilen ol özüne kakasy tarapdan mülk edip berlen Gazna tarapa ýol alýar. Ýolda oňa gaýynatasy emir Emin Mälik duş gelip, özüniň on müň esgeri bilen Jelaleddiniň goşunyna goşulýar. Gazna baranynda, oňa kakasynyň dargadyp goýberen käbir bölümleri gelip goşulýarlar. Başga-da owganlaryň, garlyklaryň şol töwerekde bolan goşunlary hem goşulyp, Jelaleddiniň goşuny has güýçlenýär. Jelaleddin Gazna golaý ýerlerde Çingiz hanyň üç uly goşunyny yzly-yzyna derbi-dagyn edýär.
Şundan soň Çingiz han öz ýolbaşçylygynda örän uly goşun bilen Jelaleddiniň üstüne ýöriş edýär. Sind derýasynyň golaýynda bolan bu aýylganç söweşde Jelaleddin öz goşunyna garanda dört-bäş esse köp goşuna bäs gelip bilmän, derýadan geçip, Hindistana gidýär. Ol dört müň urşujydan ybarat goşuny bilen öz üstüne çozan Şatra ülkesiniň hökümdaryny ýeňip, ýurduny eýeleýär. Jelaleddin Şatrada mahaly Pars Yragynyň hökümdary inisi Pir şadan birnäçe emirler goşuny bilen bölünip gaýdyp, gelip Jelaleddine goşulýar. Şeýlelikde, Jelaleddiniň goşuny ýene güýçlenýär. Güýçli goşun bilen Jelaleddin Hindistanda başga-da sebitleri eýeläp, öz adyndan pul hem zikgeledýär.
Hindistandaky iň uly döwletiň hökümdary lltutmuş Jelaleddiniň garşysyna uly goşun toplap başlaýar. Jelaleddin uly goşun bilen söweşe girilse köp gan döküljekdigini nazara alyp, goşuny bilen Hindistandan çykyp gaýdýar. Deslap Kirmana gelýär. Soň Şiraza, ondan soň Yspyhana geleninde, inisi Pir şanyň emirleri goşunlary bilen Jelaleddine gelip goşulýarlar. Şonlukda, Pir şa-da agasyna boýun egip, döwleti oňa tabşyrýar. Şeýlelikde, Jelaleddin Pars Yragynyň hökümdary bolup, uly goşun toplaýar. Ol bu ýerde hökümdarlyk eden döwründe Azerbaýjany, Gürjüstany hem eýeläp, iň güýçli hökümdar hökmünde uly abraý gazanýar.
Jelaleddin Meňburun soltanlyk eden 11 ýylynyň içinde taryha ýaň salan 14 sany ägirt uly ýeňiş gazanyp, gazaply söweşlerde il oglunyň, watanperwer serdaryň niçiksi bolmalydygyny görkezýär.
Ýusup NURYÝEW, Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Daşoguz habarlary gazeti 14.12.2023ý. №50