ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ KUWWATY
Paýtagtymyzda ýaşlaryň ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň geçirilmegi, ýokary derejeli foruma barylýan günlerde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy uly üstünliklere beslenip tamamlanan buýsançly şygarly ýylymyzy has-da dabaralandyryp, ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine buýsanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri ýaşlary Watanyň, halkyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine dahylly işlerde yhlasly, gujurly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, dürli ugurlardan kämil baş çykarmaklary babatda giň mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna gönükdirilendir. Okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri bolsa ýaşlaryň ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmegine, ylym äleminde täze oýlap tapyşlaryň döremegine giň şert döredýär. Häzirki döwürde kämil enjamlardan ezberlik bilen baş çykaryp bilmegi ýaşlara ýurdumyzyň senagat taýdan has-da ösmegine goşant goşmaga, baý medeni mirasymyzy içgin öwrenmek bilen bolsa milli däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere ýetirmäge, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine, döwletimiziň ösüşine itergi berýän uly güýç bolup hyzmat edýär.
Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, bagtyýar türkmen ýaşlaryna Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň bähbidine mynasyp zähmet çekip, uly yhlas, gujur-gaýratlary, zehinleri bilen goşant goşmaga ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Akjagül ÝOLDAŞOWA, Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy
“Daşoguz habarlary” gazeti 11.01.2024ý. №2