MILLI MIRASYMYZA SARPA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir.
Magtymguly Pyragy — çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir. Şonuň üçin hem bu pähimli sözleriň manysyny ýaş nesillere düşündirmekde bilim işgärleriniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar. Umuman, şahyryň şygyrlarynda watançylyk, ahlaklylyk, ygrarlylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, sabyrlylyk, zähmetsöýerlik, edeplilik we beýleki mowzuklar öz beýanyny tapýar.
Beýik akyldarymyzyň: «Berkarar döwlet istärin» diýen göwün islegi bu günki gün wysalyna gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşret-hözirini görmek bagty bize miýesser etdi. Biz baky bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň gujagynda ýaşaýarys.
Hut şu jähetden hem häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň birine öwrüldi. Munuň özi ýaşlaryň terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni gymmatlyklarymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda Magtymguly atamyzyň her bir sözi ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky hemişe beýik akyldara we onuň baý edebi mirasyna uly sarpa goýupdyr. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, şahyryň şygyrlarynyň dünýä halklarynyň hakydasynda hemişelik orun alandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran, türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Mag¬tymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüneçekijidir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi» diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren watançylyk, mertlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ahlaklylyk ýaly dürli meseleler bilen bagly garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Bu ajaýyp şygyr bossanlary iňlis, rus, ukrain, nemes, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, fransuz, ýapon, hytaý, türk we beýleki birnäçe dillerde çap edildi. Dünýä belli Gündogary öwreniji alymlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary topladylar hem-de birnäçe ylmy işleri çap etdiler.
Jeren MURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 07.02.2024ý. №12 (10244)