2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana ertiri, nesil terbiýesiniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda netijeli işler ýola goýulýar. Nesil terbiýesi nusgawy edebiýatymyzyň eserlerinde, şol sanda baý döredijiligi bilen döwürlere we nesillere şamçyrag bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem giňişleýin şöhlelenýär.
Bu barada Gahryman Arkadagymyz beýik akyldaryň döredijiligi dogrusynda söz açyp: “Pyragynyň ajaýyp goşgulary ähli nesiller üçin beýik taglymat we mekdepdir” diýip belleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi ähli döwürlerde ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly ýol-ýörelge mekdebidir.
Şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi şeýle hem Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýyl - “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy” atly maslahat geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhammedow çykyş edip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň kuwwatly güýji, döwletimiziň baýdak göterijileri bolan ýaşlar barada edilýän aladalar, ýaşlary watansöýüji, ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň biri, poeziýamyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiliginiň ýaşlara nusga bolmalydygy barada nygtap geçdi. Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýändigi barada belledi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Gaýypnazar Nurnazarow şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Ogulşat Durdymedowa, şeýle hem Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Hurma Gurbanowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda şu ýylymyzda giňden belleniljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp birnäçe dabaraly çäreleriň geçiriljekdigi, şol çärelere talyp ýaşlaryň hem has işjeň gatnaşmalydygy dogrusynda gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi
Bossan Mürzäýewa
"Daşoguz habarlary" online gazeti salgy : Daşoguz habarlary