Bilim bermekde dilleriň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik adama saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýändigini kesgitleýär.
Daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek dil taglymatyndan gelip çykýar. Ösüp gelýän ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmekde okatmagyň ýokary hilli usullarynyň ähmiýeti uludyr. Dil babatdaky taýýarlyk ýaş hünärmenler üçin uly artykmaçlykdyr, ol adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, raýatlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe dilleri öwrenmek asylly ýörelgä öwrüldi. Indi köp dil bilýän hünärmenleriň sany barha artýar. Biziň günlerimizde ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini bilmegiň özi maglumat tehnologiýalaryndan erkin peýdalanmaga, şahsyýetiň aň taýdan kämilleşmegine, ukypdyr başarnygynyň ýokarlanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň barha rowaçlanmagy, ozaly bilen, ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberindäki taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr.
Şonuň ýaly-da, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri, milli mirasymyzy, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy wagyz etmekde, dünýä ýüzüne ýaýmakda hem daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti uludyr. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynyň ähli basgançagynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek boýunça şertler döredilýär.
Ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dili talyplaryň hünär aýratynlyklaryna laýyklykda utgaşdyrylyp öwredilýär. Bu bolsa şahsyýetde hünär ähmiýetli häsiýetleri terbiýeleýär. Bu ýagdaýda daşary ýurt dili talyplaryň hünär başarjaňlygynyň kämilleşmeginiň serişdesi hem-de anyk işewür we ylmy gatnaşyklarda gepleşik başarnyklarynyň kemala gelmeginiň zerur şerti bolup hyzmat edýär. Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarynda hem iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý, ýapon dilleri okadylýan ýöriteleşdirilen orta mekdepler bar.
Zöhre Hojaýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09