Bilim nesil – kuwwatly Watan
Ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Muny bagtyýar çagalaryň terbiýelenmegi, okamagy, dynç almagy üçin döredilýän şertler, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan tutumly işler hem subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň ählitaraplaýyn ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Ylym beýik ösüşlerimiziň hem üstünliklerimiziň berk binýady bolup durýar. Ýurdumyzda badalga berlen düýpli özgertmeleriň ylmy esaslandyrmalara daýanmagy geljekki ösüşleri şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, “Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir”.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek ugrunda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigi hormatly Prezidentimiziň golaýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigi barada berlen hasabatda öz beýanyny tapdy. Hasabatda dürli ugurlar boýunça talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegiň, hususan-da, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada hem aýdyldy.
Şeýle işler ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalardan nyşan bolup, eziz Watanymyza, merdana halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam eder.
Gülaýym Abdyrahymowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.