Edep-terbiýe – üstünligiň açary

Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişine, daş-töweregindäkiler, ilkinji nobatda bolsa ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär.
Şu pikirden ugur alsak jemgyýetiň bagtyýarlygy, döwletiň berkararlygy ýaş nesle maşgalada berilýän terbiýä hem baglydyr. “Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur” diýen pähime eýerýän türkmen maşgalasynda çaga terbiýesinde ownuk zadyň ýokdugyny görkezýär.
Türkmen halkynyň durmuşynda asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Ýaş nesillere berilýän terbiýäniň özeninde milli we asylly ýörelgelerimiz saklanyp galýar. Halkymyz ýaş nesilleri terbiýelemäge hem aýratyn üns beripdir.
Esasan hem ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleri edebi çeşmelerimizden, halk döredijiliginden aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda edep-terbiýe barada ençeme nakyllar bar: «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz gymmatly», «Edebiň ýagşysy — salam bereni, Ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni», «Edep başy — dil», «Edep — bergidir, bermedige — görgüdir».
Görnüşi ýaly, pähimdar pederlerimiziň döreden nakyllarynda hem edep barada parasatly pikirler beýan edilýär. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ýaş nesilleri pähimli sözler bilen terbiýeläpdirler. Bu bolsa olaryň aň-düşünjeli bolmagyna, çeper sözli bolup ýetişmeklerine oňat ýardam edipdir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Orta mekdeplerde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýörite zähmet sapaklaryndan oglanlara ussaçylyk işleriniň, gyzlara bolsa, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň we aşpezlik sungatynyň öwredilmeginiň hem, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Bu bolsa, ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da berkidip, geljege bolan ynamyny artdyrýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösüp, edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär.
Terbiýäniň ýene bir görnüşi köp kitap okamaga bolan söýgini döretmek, kitap okamagy endik etmegi öwretmek bolup durýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy bu barada «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Ýaş nesillere entek çaga döwründen kitap hakynda düşünje bermek maksadalaýykdyr. Bu ýaşda ertekili kitaplar okalyp berilýär we çaga okamagy öwrenende, ol erteki okamaga höweslendirilýär.
Baýmyrat Ödäýew,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby. 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09