Beýik söz ussadynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Täze 2024-nji ýylyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan ugur alnyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýändigi mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.
Şahyryň arzuw eden berkarar döwleti bu gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulus-ilimize peşgeş beren döwletli döwranynda hasyl boldy.
Magtymguly ulyny sylamagy, olara hormat goýmagy ýaşlary terbiýelemekde adamkärçiligiň iň gowy häsiýetleriniň biri hasaplaýar. Ösüp gelýän ýaş çagany terbiýelemek onuň ene-atasy bilen bir hatarda mugallymlaryň hem borjuna girýär. Mekdepde zähmet çekýän islendik mugallym okuwçylaryň terbiýesine biparh garap bilmeýär. Ýaş nesli arassa ahlakly, watansöýüji, halal we sylag-hormatly edip terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hemişe uly gollanmadyr. Şahyryň bize miras galdyran ajaýyp goşgularyny okadýan islendik sapagymyzda çaga terbiýesi üçin peýdalanmak bolar. Şahyryň nukdaýnazaryndan ýaşlar ata-enelerini hormatlap, özlerinden ulyny sylamalydyrlar. Uly adamlar kiçä bir ýumuş buýursalar, ony ýerine ýetirmelidirler.
Magtymguly Pyragy hem türkmen edebiýatynyň beýleki wekilleri ýaly, nakyldyr atalar sözleriniň terbiýeçilik ähmiýeti bolanlaryny saýlap-seçip almagy, olary özüniň öwüt-ündew ediji goşgularynda ussatlarça ulanmagy başaran şahyrdyr. Onuň ýazan goşgy setirleri dillerde atalar sözüne öwrülip gidendir. Atalar sözüne we nakyllara şahyryň ähli goşgusynda diýen ýaly duşmak bolýar. Şahyryň nakyla öwrülen setirlerine “Hyýal bir iş bitirmez”, “Ýaman dil ýol ýitirer”, “Ýagşy rehmet getirer”, “Ýagşy ýigit ýol ýitirmez”, “Ýamana öwüt hebesdir”, “Ýagşy äre bir söz besdir”, “Goýna gardaş bolmaz gurtdan”, “Dileg etme her namartdan”, “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun” ýaly setirleri mysal getirmek bolar. Şular ýaly pähimli setirler şahyryň ýitmejek terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň esasyny düzýär.
Dürlijemal Tirkeşowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.