“Milli ýörelge-ömre görelde” atly wagyz-nesihat çäresi
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda mugallymlaryň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen
“Milli ýörelge-ömre görelde” atly wagyz-nesihat çäresi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gelin-gyzlara aýratyn hormat, sarpa goýulýar. Ähli pudaklarda zenanlarymyzyň zähmet çekmekleri şeýle-de ýaş gelin-gyzlaryň ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Şu mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Milli ýörelge-ömre görelde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň başynda Mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Miwe Agyşowa çykyş edip, talyp gyzlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza söýgüni artdyrmak, zähmete hormat goýmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, olary maşgala durmuşyna taýýarlamak we maşgalanyň mukaddesligini wagyz etmek dogrusynda giriş sözi bilen çykyş etdi. Çäre Daşoguz şäherinden mährem ene Eneş Atabaýewanyň çykyşy bilen dowam etdi. Çykyşda gyz edebiniň maşgalada esasy mesele hasaplanylýandygy, şonuň üçin her bitr talyp gyzlar özleriniň ilki bilen edebini köşçilik we jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini edepli-ekramly alyp barmalydygy barada belledi. Gyzlary durmuşa taýýarlamak, olaryň el işleri gyzlary bezeýän esasy zähmet terbiýesidigini belledi. Başgada Mugallymçylyk mekdebiniň pedogogika we psihologiýa mugallymy Gözel Ýagşymyradowa, şol mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulşat Durdymedowa, mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Maýsa Amangeldiýewa dagylar çykyş edip, gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan gelýän asylly däplerimize uýmak bilen, türkmen ojagynyň yrylmaz sütüni bolup, maşgala abadanlygynyň mizemez özeni bolup durýandygy, Mugallymçylyk mekdebimizde okaýan her bir talyp gyz ertirki gün öz kärine ökde ussat hünärmen, giň gözýetimli şahsyýet bolup ýetişmeldigi barada çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda türkmen zenanlary, gelin-gyzlary üçin döredip berýän şertleri, ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.
Bossan Murzaýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,