Goşgy bilen gürlän akyldar
Magtymguly Pyragy külli türkmeniň bir saçagyň başyna üýşüp, uly güýje öwrülmegini isläpdir. Töwereginde bolup geçýän wakalary, halkyň ýagdaýyny, gün-güzeranyny goşgularynda aýdyň beýan edipdir. Şol sebäpli-de şahyryň döredijiligini içgin öwrenen, belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow dana şahyra: «Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýip, beýik baha beripdir
XVIII asyryň kyrkynjy ýyllarynda türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde dünýä inen şahyr öz awtobiografiýasyny şeýle mälim edýär: «Asly — gerkez, ýurdy — Etrek, ady — Magtymgulydyr».
Şahyryň ady barada hem özboluşly rowaýat bar. Ol dünýä inende kakasy Azadynyň iň ýakyn dosty Selim Magtym görme-görşe gelýär. Bäbegi gundap myhmanyň gujagyna berýärler. Azady oglunyň öz dosty ýaly ylym-bilimli, atly-abraýly bolmagyny isläp, oňa Magtymguly adyny goýýar.
Şahyryň döwründe ýaşap, her bir günüňi şowly, üstünlikli geçirmek aňsat iş däl. Bu meselede şahyr nesibä uly ähmiýet berýär. Nesibesi, ykbaly çüwen adamyň edýän işiniň hem kemsiz-köstsüz boljakdygyna üns çekýär.
Mysal üçin: «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýen setirleri «Adamzat» şygrynyň esasy şamçyragy bolup durýar. Ýagşy işiň başyna baranyňda: «Oň bolsun!» diýýän türkmen halky elmydama köpçülige oň bolup görnen işiň tarapdarydyr.
Magtymguly Watan goragyny birinji basgançakda goýýar. Ol: «Goç ýigide toýdur-baýram, Her iş gelse il biläni» diýen dana sözlere uýup, ene topragy söýmegi, onuň gadyr-gymmatymy bilmegi, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamagy wesýet edýär.
Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyza, ýazyjy-şahyrlarymyzyň nusgalyk döredijiligine uly sarpa goýýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabady etekläp oturan Köpetdagyň belentlikleriniň birinde başyny belent tutup duran Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeli bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp geljegi nazarlaýan ýörelgeleriniň waspçysy bolup, uzaklardan seleňläp görünýär.
Agyşowa Miwe
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
rus dili we edebiýaty mugallymy
Salgy : https://turkmengazet.com/