Berkarar döwlet istärin…
Gürrüň Magtymgula syryganynda, türkmen üçin mertebe sözüni nygtap oturmagyň zerurlygy ýok. Çünki Magtymgulynyň özi milli mertebäniň öwüşginlerine öwrülip gidipdir. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň müdimilik hemrasy.
Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlary diýseň kän. Şol goşgularda Magtymgulynyň çuňňur filosofik dünýäsi we ylmy garaýyşlary seljerilýär, ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan bu eserlerde Watana bolan öçmejek söýgi, geljekki ýeňişlere egsilmez ynam, halkymyza mahsus maksada okgunlylyk çeperçilik bilen beýan edilýär.
Agzybirlik ähli döwürlerde-de, şonuň bilen birlikde, Magtymgulynyň döwründe hem, häzirki döwürde-de ählihalk bähbidi bolup galýar. Sebäbi, agzybirlik asuda ýaşaýşyň, rysgal-berekediň gözbaşydyr. Magtymguly Pyragynyň il-ýurda, türkmen topragyna bolan mizemez söýgüsiniň beýany «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Bady-sabany görsem», «Jahan peýda», «Jan içinde» goşgularynda adamlaryň agzybirlikde, erkinlikde, asudalykda ýaşamaklary bilen olaryň döwletiniň artjakdygy, ykbalynyň göteriljekdigi şöhlelendirilipdir:
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Dogduk mekana, Watana bolan söýgi, agzybirlik, adalatlylyk, batyrlyk, bir bitewi döwlet gurmak ýaly filosofik pikirler, arzuwlar şahyryň ençeme goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Meselem, akyldar «Gidiji bolma» şygrynda şeýle belläp geçýär:
— Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma.
Beýik akyldaryň «At islärin», «Döker bolduk ýaşymyz» ýaly goşgularynda hem şeýle äheň, ýagny özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlikde, asudalykda ýaşamak, garaşsyz Watanly bolmak, bir suprada aş iýmek, jebislik ýaly arzuwlary örän çeper beýan edilýär. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halal zähmet çekmek, okamak, ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim öwretmek, terbiýe bermek diýseň ýakymlydyr.
Nurgözel ATDAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy
Salgy : turkmengazet.com