Magtymguly Pyragy – Gündogaryň beýik akyldary
Adamzat özüniň taryhynda ençeme ajaýyplyklary döretdi we döredip gelýär. Bu ajaýyplyklar hemişe özleriniň yzlaryny taryhynyň şöhratly sahypalaryna siňdirdiler. Bu ajaýyplyklary döreden, halklarynyň ykbalynda möhüm orun eýelän akyldarlar bu ugurda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Ine, şeýle görnükli akyldarlarynyň biri-de Gündogar edebiýatynda, medeniýetinde öçmejek yz goýan, tutuş Gündogar halklarynyň arasynda özüniň täze filosofik garaýyşlary bilen meşhurlyk gazanan türkmen halkynyň beýik perzendi Magtymguly Pyragydyr.
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik we durmuş ýoly, pelsepewi garaýyşlary, pähim-paýhasy her bir okyjynyň aňynda öçmejek täsir galdyrýar. Akyldar şahyr döredijiligi bilen diňe dünýä söz sungatyna gymmatly miras galdyrman, eýsem, şygyrlarynyň üsti bilen öz döwrüniň adamlaryna dünýäniň gurluşy, ýurtlar we halklar, olaryň aýratynlyklary, uly şäherler, söz ussatlary, halk döredijiligi baradaky maglumatlary ýetirýär, halklaryň arasynda gaýybana tanyşlygy ýola goýýar.
Bu beýik akyldaryň döredijiliginde agzalýan birnäçe ynsanperwer meseleler, hususan-da watançylyk, ahlaklylyk, agzybirlik we wepalylyk ýaly örän gymmatly öwüt-ündewler gozgalýar. Hususan-da dana akyldaryň beýan edýän türkmen halkynyň bir bütewi döwlete birleşmegi baradaky çuň manyly pikirleri bu döwürde öz halkynyň ähli kynçylyklary hut agzybirligiň üsti bilen ýeňip geçmegi ýaly möhüm wezipleriň aýdyňlanmagyna we halkyň arasynda bitewülige bolan ymtylyşlaryň artmagyna ýardam edipdir.
Mälim bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda giňden belleniler. Giňişleýin medeni çärelerden başga-da hut akyldaryň Köpetdagyň eteginde ajaýyp heýkeli bina edilýär. Bu bolsa Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldara goýulýan sylag-hormatyň uludygyna şaýatlyk edýär.
Annagözel GELDIMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň II ýyl talyby
Salgy : https://ashgabat.in