“Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy”
Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde-de ýaýbaňlandyrylýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli döredijilik agşamlary, duşuşyklar, aýdym-sazly çäreler, bäsleşikler giň gerime eýe bolýar.
Şeýle çäreler biziň B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda akyldaryň doglan gününiň öňüsyrasynda mekdebimizde türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň guramagynda “Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy” ady bilen aýdym-sazly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilim berjek geljekki mugallymlaryň – talyplaryň arasynda guraldy. Bäsleşige Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän usuly birleşmeleriň adyndan alty sany talyp gatnaşyp, jemi dört tapgyr boýunça bäsleşdiler. Oňa gatnaşyjylar birinji şertde Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny labyzly okamakda we goşgyny sahnalaşdyrmakda güýç synanyşdylar. Bu şertde mekdebimiziň talyplary Pyragynyň watançylyk, öwüt-nesihat, ahlak sypatlary, türkmen gyz-gelinleriniň gözel häsiýetlerini açyp görkezýän goşgularyny okadylar.
Bäsleşigiň ikinji şertinde talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine, edebi mirasyna degişli taýýarlanan soraglara bije çekmek esasynda jogap berdiler. Bu şertiň gyzykly soraglary diňe bir bäsleşige gatnaşyjylaryň däl, eýsem, oňa tomaşa edýänleriň hem şahyryň döredijiligine bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy.
Üçünji şertde talyplar Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez goşgularyndan bentleri derňemek, many-mazmuny ýüze çykarmak, goşgynyň tematikasyny we ideýasyny kesgitlemek boýunça bäsleşdiler. Bu goşgular Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillere asyrlaryň jümmüşinden syzylyp gelýän öwüt-nesihat aýdymy, watansöýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär.
Bäsleşigiň dördünji – jemleýji şertinde eminler topary tarapyndan talyplaryň taýýarlan sergisine seredildi. Bu sergide Magtymguly Pyragynyň portretleri, dürli ýyllarda dürli dillerde neşir edilen kitaplary, şahyryň ömür ýoluna, döredijilik tematikasyna degişli talyplaryň taýýarlan maketleri, görkezme esbaplar ýerleşdirilen. Geljekki mugallymlar giň dünýägaraýyşly, hemişe döredijilik gözlegleri bilen gümra bolmaly adamlar. Bäsleşigiň bu şerti olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge has-da uly itergi boldy.
Eminler toparynyň kararyna laýyklykda bäsleşikde 3-nji orna mekdebimiziň 3-nji ýyl talyby Gurbanowa Hurma, 2-nji orna mekdebimiziň 3-nji ýyl talyby Arazmyradowa Güljahan, 1-nji orna mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Nuryýewa Güljemal dagylar mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara we talyplary bäsleşige taýynlan mugallymlara mekdebimiziň KA-nyň we TDP-nyň adyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatynyň göwher gaşy, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklar bildirildi.
Umyt Baýramalyýewa,
B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy