Uzak aralykdan (wideoşekilli) okuw sapagy geçirildi
“Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligi ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir” atly täsirli uzak aralykdan (wideoşekilli)
okuw sapagy geçirildi.
2024-nji ýylyň 26-nji fewralynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesi, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde “Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligi ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir” atly tema boýunça uzak aralykdan (wideoşekilli) okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Maral Jumaýewanyň çykyşy bilen başlady. Mugallym Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi, ýaşlary tebiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdi. Okuw sapagynyň dowamynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Serdar Saparow Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ahlak temasy baradaky goşgulary hakynda durup geçdi. Şahyryň döredijilinden “Döke başlady”, “Janyna degmez”, “Gidiji bolma” goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti açyp görkezdi. 106-njy toparyň talyplary Serdar Saparow, Bossan Kakajanowa, Altynjemal Mahmudowa dagylar beýik akyldarymyzyň goşgularyny ýatdan, labyzly okadylar.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlaryna birnäçe soraglar berdiler we özara pikir alyşdylar.
Sanly ulgam arkaly geçirilen sapagyň ahyrynda geljegimiz bolan ýaşlary bilimli, terbiýeli, giň dünýä garaýyşly edip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.
Jeren Muradowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.