OKUW-USULY SEMINAR
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň kämilleşmegine aýratyn üns berlip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý durmuş tejribesine esaslanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine, şeýle hem jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin ylmyň dürli ugurlaryndan kämil hünärmenleri taýýarlamakda işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin ylmyň ugurlaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.
Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Daşoguz welaýat orta hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda resminama dolanşygyny we ýerine ýetirilişini resmileşdirmek barada okuw-usuly seminar geçirildi. Okuw-usuly seminarda seredilen esasy temalar:
-Elektron resminama dolanşygy ulgamynyň ulanylyşyny orta hünär okuw mekdeplerinde işjeňleşdirmek;
-“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyndaky” göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi;
Okuw-usuly seminaryň temalary boýunça mekdebimiziň informatika mugallymy Muhammedow Didar, iňlis dili mugallymy Sapaýewa Selbi dagylar çykyş edip, mekdebimizde elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ulanylyşy sanly bilim ulgamy- Hormatly Prezidentimiziň “Sanly bilim” ulgamyny ösdürmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilýän işler, E-žurnal ulgamy- talyplaryň ýetişigini dolandyrmak, ýetişigi pes bolan halatynda awtomatiki “SMS” hyzmaty arkaly ata-enelerine habar göýberilýänligi barada, wideo sapaklar ulgamy- Mugallymçylyk mekdebinde berilýän ähli sapaklaryň hilini ýokarlandyrmak, talyplarda derslere bolan gyzyklanma döretmek maksady bilen mugallymlaryň taýýarlan wideo sapaklarynyň ýerleşdirilişi barada, E-kitaphana ulgamy- talyplaryň kitaphana barmazdan öz şahsy kompýuterlerinden okuw binamyzda we umumy ýaşaýyş jaýynda döredilen e-Kitaphana ulgamyndan gerekli kitaplaryny, umumy okuw toplumlaryny we ýumuşlary ýükläp almak mümkinçiligiň döredilenligi barada çykyş etdiler. Çykyş edenler ylym-bilim ulgamynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredip berilýän ajaýyp şert, mümkinçiliklerinden peýdalanyp geljekde hem ýaş nesilleri terbiýelemekde, okuwyň hilini ýokarlandyrmakda mugallymçylyk işinde özleriniň mynasyp goşandyny goşjakdyklary barada aýtdylar.
Bossan Murzaýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy