Bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleri: ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çärelerini, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.
Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Aşgabadyň günorta böleginde gurlan belent ýadygärlik türkmen halkynyň akyldar şahyryň we filosofyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň nyşanydyr. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik nusgawy şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň gidişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiziň teklibi esasynda bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleri oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň güwäsi bolar.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär.
Selbi ÖDÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09