Bilim – kämilligiň berk binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda amala aşyrylýan beýik işler, ägirt uly özgertmeler röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Ylymdyr bilimiň durmuşymyzdaky wajyp ornuna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmekleriniň derwaýysdygyny nygtap, möhüm wezipeleri öňe sürýär. Ýaşlara ylym we bilim, edep-terbiýe bermekde pederlerimizden miras galan el işlerimizi, dürli hünärleri öwretmäge, milliligimize, däp-dessurlarymyza hormaty, sarpany, söýgini terbiýelemäge gönükdirilen ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar.
Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy. Ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Amala aşyrylýan şeýle belent maksatlaryň netijesinde kämil ylym öwrenip, Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ussat hünärmenler kemala gelýär.
Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine çykýan döwründe ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler döwletiň binýadynyň barha berkidilýändigini äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň ylmy esasyny pugtalandyrmak, bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hususan-da, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünärlerini ele almaklary, ylymlaryň belentliklerine tarap ynamly hereket etmekleri, dünýä ülňülerine laýyk hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär.
Bu günki günde türkmen ýaşlary eziz Watanymyzyň ösüşlerini, halkara abraýyny belende galdyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bolsa, ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Täze kitapda ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, bilimde we sportda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tapawutlanan ýaşlaryň atlary bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň hem adynyň tutulmagy biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Okgunly ösüşleriň bady bilen berkarar Watanymyzy täze belentliklere, halkymyzy röwşen geljege alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Dinara Şawkatowa,
Beki Seýtakow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby