Bilimli nesil — kuwwatly Watan
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi we bu kafedralaryň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolup, olarda bilim bermek işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar. Şunda degişli bölümler ýokary bilimi, ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, bilim we maglumat alyşmakda uly orny eýelär. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde gatnaşmagynda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ÝUNESKO klublary hem döredildi.
Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip nygtaýar.
Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, kämil terbiýeli bolup ýetişmekleri barada bimöçber atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şekersoltan MELEJÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.