Huş (Tymsal)

Dag eteginde ýaşaýan goja alys obadaky, özündenem dört-bäş ýaş uly daýzasynyň soňky wagtlar juda ruhdan düşüp, halynyň pese gaçyp barýandygyny eşidip, onuň ýanyna gidýär. Uzak ýoly söküp baran goja daýzasyny tanamajak bolýar. Soňky gezek görşenlerine kän wagt geçmedigem bolsa, zenanyň ýüz keşbi göz-görtele solupdyr, gözleriniň nury öçen ýaly bolupdyr. Bu ýagdaýy görüp, onuň näme derde uçrandygy bilen gyzyklanýar.
Meniň derdim — gussa — diýip, kempir uludan demini alýar. — Sebäbi uzakly günümi ýaşlygymy, aýna seredenimde gören gözel görkümi, daýyň pahyr ýanymdaka özümi dagdan arkaly saýan döwürlerimi ýatlap geçirýän. Onsoň şolaryň hiç biriniň yzyna dolanmajakdygy hakda pikirlenenimde gözüme ýaş aýlanýar.
Kempiriň damagy dolup, bir pursat sesini çykarman oturýar. Soňam gözýetime çenli ak gara bürenip ýatan meýdana ýaşly didelerini dikip oturyşyna uludan demini alyp, ýegenine ýüzlenýär.
Aslynda, ýatlamalar, huş diýen zat adama nä¬me üçin berildikä? Olardan adama peýda-ha ýok. Ömrüň gyşyna ýetensoň-a olar diňe agram salýar. Ömrüň baharyny ýatlamak köňlüňe gubardan başga zat inderenok.
Goja daýzasynyň sözlerini diňläp durşuna, ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, alyslary synlap duruberýär. Onuň nämedir bir üýtgeşik zat gören ýaly bolup durşy kempiriň ünsüni çekýär:
Näme üýtgeşik zat gördüň, ýegen? — diýip, ol ýegeniniň seredýän tarapyna nazaryny dikýär. — Durşuna gar bolup, ak saçyňy ýatladyp duran giňişlikde beýle dykgat eder ýaly näme göreniňe men-ä düşünýän däldirin.
O näme üçin? — diýip, goja ýylgyryp jogap berýär. — Men-ä nirä seretsem gözellik görýän. Seniň ap-ak meýdan diýýän giňişligiňde men juwanlygyň baharynda oýnap gezen gülzarlygymyzy görýän. Bu gar wagtlaýyn zat. Ony görseňem bolýar, görmeseňem. Şu sährada galan ýaşlygym welin hemişe-de bar. Men-ä şu ýerlere seretsem, şondan başga zat görüp bilemok. Şonuň üçinem ýatlama barada beýle zatlary aýdyp bilşiňe haýran galýan. Ýatlama biziň iň uly baýlygymyz ahyryn. Ýaradanyň bize ýatlamak ukybyny bermegi iň uly ýalkawlaryň biri. 01 gyşyň aňzakly günlerine ýetenimizde bahary ýatlap ýylanmagymyz üçin bize huş beripdir. Ondan nähili peýdalanjagymyzy çözmegi bolsa ol biziň özümize goýupdyr...

Rus dilinden terjime eden Bibi GURBANGULYÝEWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
"Edebiýat we sungat gazeti" 01.03.2024ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09