Bilim tükenmez baýlyk
Ylym-bilim her bir ynsan üçin zerurdyr. Çünki ylymly-bilimli adamlar durmuşy özgerdýärler, ylmyň täze gazananlary bilen ösüşiň belentliklerine ýetýärler. «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Hut şonuň üçinem ajaýyp zamanamyzda ylym-bilime uly üns berilýär, bu babatda möhüm çözgütler kabul edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň oňyn netije berýändigi bu günki gün hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ýaşlarymyz özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sargydyny ýaş nesillerimiziň abraý bilen ýerine ýetirýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ylmynyň we biliminiň rowaçlyklara beslenýän zamanasydyr. Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalary ýokary depginler bilen ösýär. Dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullarynyň hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleriniň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär.
Ylym-bilim ýolumyza şugla saçýan uly daragt. Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr.
Selbi ÖRÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.