Muny bilmek gyzykly
Adam dünýä inende onuň bedeninde 300 sany süňk bolýar.Ýöne wagtyň geçmegi bilen süňkleriň sany 206-açenli azalýar.
Kebelekler diňe aýagy bilen tagam alýarlar.
Adam bedeniniň iň güýçli myşsasy dildir.
Asgyranymyzda gözümizi açyp asgyrmak mümkin däl.
Biz beýnimiziň diňe %10 göterimini ulanyp bilýäris.
Garynjalar ys almak babatda itlerden pes däldir.
Syçanlar iýen zadyny gaýtaryp bilmeýärler.
Adam asgyranynda ýüregi bilen bilelikde bedeniň ähli organlary bir pursatlyk durýar.
Demirgazyk aýylarynyň ählisi çepbekeýdir.
Krokodillar dillerini daşyna çykarmaýarlar.
Delfinler bir gözüni açyp uklaýarlar.
Gaşymyzy ýokaryk galdyrmak üçin jemi 30 sany myşsany herekete geçirmek gerek.
Pingwinler yüzüp bilýän emma uçup bilmeýän ýeketäk guşdur.
Siňekleriň bäş sany gözi bolýar.
Baýguşlar gök reňki group bilýän ýeketäk guşdur.
Sygyrlaryň 4 sany aşgazanlary bolýar.
Delfinleriň beýni adamlaryňkydanam uly bolýar.
Erkek adamlarda günüň dowamynda ortaça 80 – 100 sany saç dökülýär.
Haçanda adam 60 ýaşa ýeteninde onuň tagam alma ukyby %50 göterim azalýar.
Bir adam azyndan ömrüniň iki ýylyny telefonda gürleşip geçirýär.
Elimiziň dyrnaklary aýagymyzyň dyrnagyna görä has çalt ösýär.
Adam 7 minudyň dowamynda uka gidýär.
Gyzgyn suw sowuk suwdan has agyr bolýar.
Adamyň barmagynyň yzy tapawutly bolşy ýaly onuň gözüniň reňki hem beýleki adamlaryňka asla meňzemeýär.
Ortaça bir adam ýylyň dowamynda 1.460 gezek düýş görüp bilýär.
Sogan dogralanda sakgyç çeýnemek gözüň ýaşarmasyna oňyn täsir edýär.
Bedeniňizdäki süňkleriň dörtden bir bölegi aýaklarymyzda ýerleşýär.
Telefony oýlap tapanAleksandr Graham Bell aýaly hem-de ejesi bilen hiç haçan telefon arkaly gürleşmändir. Sebäbi onuň ejesi hem-de aýaly ker
Ýylanlaryň eşitmek ukyby bolmaýar.
Siňegiň uçuş tizligi sagatda 8km-e barabardyr.
Pişikler şekeriň tagamyny beýleki tagamlardan tapawutlandyryp bilmeýärler.
Döwletmyrat ISAGULYÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby
Salgy : turkmengazet.com