Halkara olimpiadalar – uly üstünliklere badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy has-da ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Ýaşlar bilimleri ele almakda, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslama, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri görkezmekleri häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda özleriniň bilim başarnyklaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýän IV Açyk halkara matematika olimpiadasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Açyk halkara matematika olimpiadasy ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýär. Halkara olimpiada ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden zehinli ýaşlar bilen birlikde Bolgariýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Ispaniýadan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Indoneziýadan hem ýaş zehinler gatnaşýarlar. Olimpiada şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Onuň emin agzalarynyň düzümine ýurdumyzyň we bu bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary goşuldy. Ýokary derejede guralan bu halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 400-den gowrak, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-a golaý ýokary okuw mekdebinden 120-ä golaý talyp gatnaşýar.
Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolma-gynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr. Matematika adamzat durmuşynda onuň gündelik amaly işleriniň netijesinde ýüze çykan ilkinji ylymdyr diýip hasap edilýär we ol biziň günlerimize çenli taryhy ösüş ýoluny geçdi. Matematika - beýleki ylymlaryň dil serişdesi bolup durýan binýatlyk ylymdyr, matematika olaryň gurluşlaýyn özara gatnaşygyny açyp görkezýär we tebigatyň iň umumy kanunlarynyň tapylmagyna mümkinçilik berýär.
Maksat DOSOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Salgy : zamanturkmenistan.com.tm