ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ BEÝIK USSADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny öwrenmäge, wagyz etmäge möhüm ähmiýet berip, bu dogrusynda: «Magtymguly Pyragyynsan kalbynyň öçmejek nurydyr» diýip, öz taryhy çykyşlarynda belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly nusgalyk eserinde hem dana şahyrymyzyň keşbi, ruhy dünýäsi çepersözüň üsti bilen açylyp görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy¬nyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «Magtymgula tagzym» atly ajaýyp kitaby taýýarlap, halkymyza ýetirdi. Bu kitaba döwürdeş şahyrlarymyzyň beýik akyldara bagyşlap döreden goşgulary we poemalary girizilipdir. Olaryň her birinde şahyrlaryň Magtymgula bolan hormaty, söýgüsi, buýsanjy beýan edilýär.
«Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir» diýip jaýdar belläp geçýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz akyldar şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgularyna ýaş nesilleri milli ýörelgelerimize laýyk terbiýelemekde gymmatly çeşme hökmünde ýokary baha berýär.
Halkymyzyň milli guwanjyna, buýsanjyna öwrülen akyldar şahyr edebi mirasymyzy has-da baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynyň, edebi diliniň ösmegine, kämilleşmegine hem önjeýli goşant goşdy.
Türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran Magtymguly Pyragy onuň halkylygyny, milliligini ösdürip, durmuş bilen arabaglanyşygyny artdyrdy. Hut şonuň üçin hem şahyryň şygyrlary ölmez-ýitmezdir.
Magtymgulynyň Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde görnükli orunlary eýeleýär. 01 öz ilini, ýurduny jany-teni bilen söýen we bütin ömrüni dogduk mekanynyň abadançylygyna bagyşlan şahyr.
Şahyr bütin ömrüne türkmenleriň agzybir bolup, bir döwlete gulluk etmeklerini, jebislikde ýaşamaklaryny arzuw edipdir. Magtymguly Pyragynyň arzuw eýlän berkarar döwleti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hor¬matly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşleriň täze derejelerine tarap ynamly gadam urýar.
Maýsagözel AMANGELDIÝEWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
“Daşoguz habarlary gazeti” 29.02.2024ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09